Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Britaniýa, Fransiýa Assady aýyplaýar


Britaniýa we Fransiýa Ženewadaky parahatçylyk gepleşikleriniň şowsuz gutarmagynda Siriýanyň hökümetini aýyplady.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň režimi gepleşiklerdäki «islendik progresiň öňüni gabsady» diýdi.

Britaniýanyň daşary işler sekretary William Hague bolsa, «munuň jogapkärçiligi gös-göni Assad režimine düşýär» diýdi.

Parahatçylyk prosesine howandarlyk eden Moskwa bilen Waşington häzirlikçe hiç zat aýtmaýar.

Halkara araçysy Lakdar Brahimi şenbe güni, gepleşikleriň ikinji tapgyry hem şowsuz gutaransoň, başa barmadyk gepleşikler üçin Siriýanyň halkyndan ötünç sorady.
XS
SM
MD
LG