Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Diplomat neşe gaçakçysy üçin çagyryldy


Orsýet Birleşen Ştatlaryň diplomatyny çagyryp, Birleşen Ştatlarda türmä basylan orsýetli neşe gaçakçysynyň ýanyna ilçileriň we saglyk işgärleriniň goýberilmegini talap etdi.

Moskwa Birleşen Ştatlara gaçak kokain eltmek dildüwşigi zerarly 20 ýyl türme tussaglygyna höküm edilen rus piloty Konstantin Ýaroşenkonyň 2010-jy ýylda, tussag edilen wagty gynalandygyny öňe sürýär.

Ýaroşenkonyň aklawçysy Alekseý Tarasow türmede onuň saglyk ýagdaýynyň ýaramazlaşýandygyny aýtdy. Netijede, Orsýetiň daşary işler ministrligi, saglyk ýagdaýyny barlamak üçin, onuň ýanyna rus doktorynyň goýberilmegini talap etdi.

Tarasow Ýaroşenkonyň ýürek tutgaýy simptomlaryndan ejir çekendigini, emma türmede oňa kömek edilmeýändigini aýdýar. Tarasow Ýaroşenkonyň birnäçe gün içinde ölmeginiň hem mümkindigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG