Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak: Al-Sadr syýasatdan çekilýär


Yragyň täsirli şaýy ruhanysy Moktada al-Sadr özüniň syýasatdan çekiljegini yglan etdi.

Sadryň adyndan internetde ýerleşdirilen beýanatda ol özüniň hem, öz hereketiniň hem hökümet wezipesini ýa parlament ornuny almajagyny aýtdy.

Yrak aprelde saýlawlara taýýarlanýar we premýer-ministr Nury al-Maliki gaýtadan saýlanmagy niýet edinýär.

Sadr we onuň milisiýasy, Mehdi goşuny 2003-nji ýylda Birleşen Ştatlaryň güýçleri diktator Saddam Hüseýini häkimiýetden agdarandan soň meşhurlyk gazandy.

Sadr amerikan goşunlarynyň ýurtdan çykarylmagyny talap etdi we oňa eýerijiler amerikan goşunlary bilen yzygiderli çaknyşyp durdy.
XS
SM
MD
LG