Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda polisiýa ofiseri öldürildi


Pakistan resmileri poliomiýelite garşy sanjym kampaniýasyny goraýan polisiýa ofiseriniň bomba partlamasyndan ölendigini aýdýarlar.

Ýekşenbe güni Peşawaryň etegindäki Budhi etrabynda bolan partlamada ýene bir ofiseriň ýaralanandygy aýdylýar.

Pakistanda poliomiýelita garşy göreşýän saglyk işgärleri we olaryň goragçylary yslamçy jeňçileriň hüjümine sezewar bolýarlar.

Jeňçiler olaryň Günbatar döwletleri tarapyndan içalyçylyk we musulman çagalaryny önelgesiz etmek maksatlary üçin ulanylýandygyny aýdýarlar.

Dünýä saglyk guramasy Peşewaryň häzir dünýäde çagalary maýyp edýän poliomiýelit keseliniň iň uly ojagydygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG