Sepleriň elýeterliligi

Protestçiler Kiýew häkimliginden çykdy


Ukrainanyň hökümete garşy protestçileri Kiýewiň şäher adminstrasiýasynyň jaýyndan çykdylar, olar bu binany iki aýdan gowrak ellerinde sakladylar.

Demonstrasiýaçylar ýekşenbe güni binany terk edenlerinde hiç bir hadysa bolmady. Protest liderleri käbir protestçileriň bu binanyň öňünde durjakdygyny, sebäbi protestleriň dowam etmegine garaşylýandygyny aýtdylar.

Protestçileriň häkimligiň binasyny terk etmegi häkimiýetleriň tussag edilen protestçileriň ählisiniň günäsini geçmeginiň bir şertidi.

1-nji dekabrdan bäri protestçileriň elinde saklanan bina «rewolýusiýanyň ştaby» hökmünde, simwoliki ähmiýete eýe bolupdy.

Hökümete garşy protestçiler Kiýewde prezident Ýanukowiçiň işden çekilmegine basyş etmek babatdaky kampaniýany dowam etdirýärler.
XS
SM
MD
LG