Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kandidatlar çekişýär


Owganystanyň prezidentlige kandidatlary tapgyr ikinji gün telewideniýede berilýän çekişmelerini dowam etdirdiler.

Ýekşenbe günündäki teleçekişmä ozalky maliýe ministri Aşraf Ghani, ozalky prezident geňeşçisi Hedaýat Amin Arsala, şazada, ozalky patyşa Zahyr Şanyň agtygy Muhammad Nader Naim dagy gatnaşdy.

Prezidentlige kandidat, ozalky prezident geňeşçisi Hedaýat Amin Arsala teleçekişmede şeýle diýdi:

"Gynanasak-da, haçanda jihad sowlanda, mujahatdin liderleriniň käbiri häkimiýeti öz peýdasyna monopoliýa etdi we şunuň bilen Owganystany dürli böleklere we toparlara böldi. Hut şu hili çemeleşme hem ýurtdaky köp problema esas boldy. Mundan başga biz ýene bir zady bilmeli, mujahatdin we onuň liderleri bu meselede ýeke däldi, bu işe daşary ýurt güýçleri hem goşulypdy. Şu sebäpden hem biz jihadyň hözirini görüp bilmedik. Emma muňa garamazdan, indi Owganystanyň öňe süýşmek, parahat we asuda durmuşa eýe bolmak mümkinçiligi bar.”

Prezidentlige kandidat, ozalky maliýe ministri Aşraf Ghani ýurduň içki we daşky kynçylyklary hakynda şeýle diýdi:

"Şu günki gün [ABŞ-nyň] prezidenti [Barak] Obama we biziň ýewropaly partnerlarymyzyň ählisi Owganystan babatda syýasy y çözgüt gazanylmalydygyny prinsipde kabul etdi. Ikinji ýagdaý regional ölçegler bilen bagly, esasanam bu Pakistana gezek gelende şeýle. Pakistanyň saýlanan premýer-ministri [Nawaz Şarif] syýasy çözgüde ýykgyn edýär, emma Pakistanyň aňtaw we harby guramalary entek bu netijä gelip bilenok. Şu sebäpden biziň sebitde düýpli bökdençliklerimiz bar. Üçünjiden, içerki ölçegler, muňa korrupsiýa we rehimsizlik hem girýär, bular öz gezeginde ýurtda zorluk-süteme sebäp bolýar."

16-njy fewralda, teleçekişmäniň ikinji gününde çykyş eden kandidatlaryň biri, şazada Mohammad Nader Naim aýallaryň hukuklary barada söz açyp, şeýle diýdi:

"Aýallaryň hukuklary çynlakaý we wajyp mesele. Bilşiňiz ýaly, şu günki gün biziň jemgyýetmiziň 50 prosentini aýallar düzýär. Biz bu meselede käbir üstünlikleri gazandyk, emma olar ýeterlik däl. Biz aýallara has köp mümkinçilik döredip, olaryň biziň indiki hökümetimiziň düzüminde 30 prosent orun almagyny üpjün etmek isleýäris.”

Kandidat Arsala adam hukuklary barada şeýle diýdi:

"Biz adam hukuklaryna hormat goýmaly we hiç bir ýagdaýda hiç bir zorluga ýol bermeli däl. Aýallaryň hukuklary berk goralmaly. Biz aýallaryň hukuklarynyň doly goralmagyna we olaryň jemygetiň syýasy, ykdysady we sosial meselelerine doly goşulmagyna ygrarly. Men aýallara hem adam hökmünde garamaly diýmek isleýärin.»

Prezidentlige kandidat Naim Birleşen Ştatlar bilen baglaşylmaly howpsuzlyk şertnamasy hakynda şeýle diýdi:

"Men ikitaralaýyn howpsuzlyk şertnamasyna gol çekilmegini goldaýaryn. özem bu Owganystandaky möhüm wakadan - men saýlawlary nazarda tutýaryn - öň bolmaly, bu şertnama gol çekilmeli we Owganystanyň prezidenti bu meselede aýdyň we çynlakaý pozisiýa eýelemeli."

Prezidentlige kandidat Ghani işsizlik barada şeýle diýdi:

"Owganystanda ýaş adamlar absolýut köplük bolup durýar, şol bir wagtda olar bu ýurtda syýasy we ykdysady azlyk bolup galýar. Şu azlyk köplüge öwürilýänçä Owganystan durnukly ýurt bolmaz. Diýmek, ilkinji mesele ýaşlaryň iş bilen üpjün edilmegi, okanlar, bilim alanlar we bilim almadyklar, barysy iş bilen üpjün edilmeli. Iş orunlaryny döretmek meselesinde biziň ýörite planymyz bar, iş orunlary döredilýän wagtynda ähli pudakda ýaşlara üns berler."

Çekişmä prezident Hamid Karzaýyň dogany Kaýuum Karzaý we ozalky daşary işler ministri Zalmai Rasul hem gatnaşmalydy, emma olar çekildi.

5-nji aprelde perzident Hamid Karzaýyň ýerine täze prezident seçiljek saýlawlara jemi 11 kandidat gatnaşýar.

Bu teleçekişme Owganystanyň Radio-Telewideniýesi (RTA) we Azatlyk/Azat Ýewropa radiosynyň Owgan gullugy tarapyndan gurnaldy.
XS
SM
MD
LG