Sepleriň elýeterliligi

Kulob: Dellek türme resmisini öldürdi


Täjigistanyň günortasynda ýerleşýän Kulob şäherinde tussaglykda oturan dellek türme ýolbaşçysyny gaýçy bilen öldüripdir.

Täjigistanyň Içeri işler ministrliginiň duşenbe güni aýtmagyna görä, ýekşenbe güni 66 ýaşly türme ýolbaşçysy Umar Kaýumow tussag Umed Teşaýewi öz otagynda saçyny gyrkyp bermegi haýyş edipdir. Tussag Teşaýew Kaýumowy ençeme sapar gaýçy bilen urup öldüripdir. Türme resmisi keselhana ýetmän ýogalypdyr.

29 ýaşly Umed Teşaýew adam öldürmekde günälenip 17 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.
XS
SM
MD
LG