Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Emeli "ýangyn"


Emeli "ýangyn"
please wait

No media source currently available

0:00 0:00:34 0:00

Anna güni öýlän sagat 15 töweregi gara tüsse Türkmenabadyň Garaşsyzlyk etrabynyň merkezi Nyýazow şäherçesiniň ýaşaýjylarynyň ünsüni özüne çekdi. Ilat ýangyn dörändir öýtdi, emma ol ýangynyň Oba hyzmat birleşiginiň işgärleri tarapyndan edarada toplanan agyr tehnikanyň köne tigirleridir zir-zibili ýok etmek maksady bilen meýletin ýakylandygy belli boldy. Garaşsyzlyk etrap häkimliginden kän bir daş bolmadyk Oba hyzmat birleşiginiň ussahanasyndan gelýän gara tüsse şäherçäniň ýaşaýjylaryny lapykeç etdi. Hatda käbir ýaşaýjylar ýangyna golaý ýerde tebigy gaz turbasynyň geçýänligi sebäpli howatyrlandy. Oba hyzmat birleşiginiň bir jogapkär işgäri käbir ýerli ýaşaýjylara ýangynyň söndürilmejegini, ony söndürmäge Oba hyzmat edarasynyň işgärleriniň ejiz gelýändigini, ilata abanýan hiç hili howpuň ýokdugyny aýdypdyr. Biraz wagtdan ol ýere polisiýanyň bir ofiseri gelip ýangynyň tizara söndürilmegini talap etdi we şondan soň edara işgärleri ähli mümkinçiligini ulanyp bir sagada golaý wagtyň içinde öz ýakan ýangynyny söndürdiler. Soňky ýyllar etraplarda zir-zibili ýakyp ýok etmek tejribesi giňden ulanylýar. Ýakylan hapanyň zyýanly tüssesinden ilat dem alýar. Ýöne ýerli Sanitar gullugy edarasynyň ýa-da Daşky gurşawy goramak müdirliginiň beýle wakalara reaksiýa bildirmeýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG