Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: ABŞ Assady tankyt etdi


ABŞ-nyň döwlet sekretary Jon Kerri Siriýanyň prezidenti Başar al-Assadyň ýurtda dowam edýän graždan urşunda gepleşikler arkaly däl-de söweş arkaly ýeňiş gazanmak isleýändigini aýtdy. “Başar al-Assadyň gowy niýetli gepleşikler arkaly däl-de söweş meýdany arkaly ýeňiş gazanmak isleýändigi mese-mälim görünýär”, diýip Kerri aýtdy.

Kerriniň duşenbe güni Jakartada eden bu çykyşy Britaniýanyň we Fransiýanyň Assadyň režimini şenbe güni Ženewada parahatçylyk ugrundaky gepleşiklere zyýan bermekde aýyplamagynyň yzýany boldy. Fransiýanyň daşary işler ministri laurent Fabius Assadyň režiminiň “ähli öňegidişlikleriň öňüne böwet salandygyny” aýdan bolsa, Britaniýanyň daşary işler ministri William Hague “jogapkärçiligiň Assadyň režiminiň boýnundadygyny” aýtdy.

Ýekşenbe güni Siriýanyň daşary işler ministri Walid al-Muallem Waşingtony Ženewadaky dialogyň ikinji tapgyrynda “negatiw şertleri” döretmäge synanyşmakda aýyplady.

Siriýa boýunça halkara wekili Lahdar Brahimi gepleşikleriň şowsuzlygy üçin Siriýanyň halkynyň öňünde ötünç sorady. Siriýada parahatçylygy gazanmak ugrunda gepleşikleriň üçünji tapgyrynyň geçiriljek wagty mälim edilmedi.
XS
SM
MD
LG