Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Duşenbe: Garaşsyz neşriň lisenziýasy ýatyryldy


Täjigistanda garaşsyz gazetiň lisenziýa rugsatnamasy ýatyryldy. “Hafta” atly hepdeligiň baş redaktory Hikmatyor Hikmatzodanyň duşenbe güni AÝ/AR-na aýtmagyna görä, ýurduň Medeniýet ministrligi gazetiň öz ustawynda görkezilmedik temalar barada habar bermegi sebäpli onuň lisenziýasyny elinden alypdyr.

Ministrligiň aýtmagyna görä, gazet geçen ýylyň güýzünde medeniýet we bilim meselelere gönükdirilen media serişdesi hökmünde hasaba alnypdyr, emma onuň ýanwar aýynyň ortalarynda çapdan çykan ilkinji sanynda başga temalardan maglumat berilipdir.

Gazetde çap bolan makalalaryň we söhbetdeşlikleriň ençemesi ýurduň sosial, ykdysady we syýasy ýagdaýyna bagyşlandy.
XS
SM
MD
LG