Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Praga: Zeman Kerimowy ýene çagyrmakçy


Çehiýanyň prezidenti Milos Zeman Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň Çehiýa Respublikasyna sapary üçin täze wagt möhletini bellemek isleýär.

Ýekşenbe güni Çehiýanyň radiosynda eden çykyşynda Zeman Özbegistanda adam hukuklarynyň depelenmegi barada berilýän maglumatlar bilen ylalaşmaýandygyny we prezident Yslam Kerimowy ýurtlaryň arasyndaky söwda bilen baglylykda sapar etmäge çagyrýandygyny aýtdy.

Zemanyň sözlerine görä, Kerimowyň başda şu hepdä planlaşdyrylan saparynyň dowamynda umumy bahasy 750 million dollarlyk jemi ýedi sany ylalaşyga we şertnama gol çekilip bilnerdi. Geçen hepdede Çehiýanyň resmileri Yslam Kerimowyň Çehiýa Respublikasyna 20-nji fewrala planlaşdyrylan saparynyň yza tesdirilendigini yglan etdiler.

Kerimowyň yglan edilen sapary adam hukuklaryny goraýjylar tarapyndan berk ýazgarylyp, Kerimowyň režiminiň 25 ýylyň dowamynda polisiýanyň güýjüne, syýasy garşydaşlary tussag etmeklige we pagta önümçiliginde mejbury zähmet güýjüni ulanmaklyga daýanyp gelýändigini aýtdylar.
XS
SM
MD
LG