Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Oppozisiýa Germaniýanyň kansleri Merkel bilen duşuşýar


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Duşenbe güni Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň Ukrainanyň oppoizisiýa liderleri Arseniý Ýatsenýuk we Witaliý Kliçko bilen duşuşyp, ýurtdaky syýasy krizis barada pikir alyşmagyna garaşylýar.

Kliçkonyň edarasy gepleşikleriň dowamynda “prezident Wiktor Ýanukowiçiň režiminiň wekillerine garşy sanksiýalary girizmek mümkinçiliklerini” geňeşmegiň hem göz öňünde tutulýandygyny mälim etdi.

Ýatsenýuk ýekşenbe güni çykyş edip, Kliçko bilen bilelikde Ýewropadan maliýe hemaýatyny almaga synanyşjakdyklaryny aýtdy. Kiýewiň merkezinde müňlerçe portestçiniň öňünde eden çykyşynda Ýatsenýuk: “Biz Ýewropanyň bize nähili ykdysady mümkinçilikleri hödürläp biljekdigini açyk bir görnüşde mälim etmegini isleýäris” diýdi.

Amnistiýa

Ukrainada hökümete garşy protestler eýýäm üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edip gelýär. Protestçiler Ýanukowiçiň häkimiýetden çekilmegini talap edip, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyny we ençeme hökümet binalaryny eýelediler.

Hökümet protestçilere yglan edilen amnistiýanyň duşenbe güni güýje girjekdigini aýdýar. Bu demonstrantlaryň hökümet binalaryny eýelemegini togtatmak boýunça gelnen ylalaşygyň netijesinde mümkin boldy.

Hökümete garşy protestleriň dowamynda tussag edilen demonstrantlar geçen hepde azatlyga goýberilipdiler. Emma olara garşy gozgalan jenaýat işleriniň diňe hökümet binalary boşadylandan soň ýatyryljakdygy hem mälim edildi. Käbir protestçiler öý tussaglygyna hem alyndy.

Ýekşenbe güni Ukrainanyň baş prokurory Wiktor Pşonkanyň edarasy protestçileriň amnistiýany kabul etmek üçin zerur bolan şertleriň ählisi bilen razylaşandyklaryny aýan etdi.

Hökümet

Ýanukowiç amnistiýa mümkinçiligini şu aýyň başynda hödürläpdi. Bu ýanwar aýyndaky çaknyşyklarda azyndan üç adamyň ölüminden soň özara ylalaşyga gelmek tagallalarynyň çäginde amala aşyryldy.

Şeýle-de Ýanukowiç öz hökümetini dargatdy. Emma häzire çenli täze kabinet düzülmedi. Ol oppozisiýa liderlerine täze hökümetde ýokary wezipeleri hödürlese-de, oppozisiýa bu tekliplerden ýüz öwürdi.

Protestçiler prezidentiň özüniň wezipeden çekilmegini talap edýärler. Şeýle-de olar ýurduň Konstitusiýasyna prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirýän üýtgeşmeleriň girizilmegini gazanmak ugrundaky göreşi dowam etdirýärler.

XS
SM
MD
LG