Sepleriň elýeterliligi

S.Yklymow: "Çagalar kakasyz ýetişdi"


Gözenegiň içi

Gözenegiň içi

2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda, şol wagtky prezident Saparmyrat Niýazowyň janyna kast etmäge boldy diýilýän synanyşykda aýyplanyp tussag edilen adamlaryň ykbaly hakda häzirki döwürde daşary ýurtlarda ýörite kampaniýa alnyp barylýar.

Şeýle ýygnaklardan biri 14-nji fewralda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Wenadaky edarasynda boldy. Şol ýygnakda esasanam boldy diýilýän şol wakada tussag edilensoň, ykbaly näbelli bolan adamlar göz öňünde tutulyp, “olary diri görkeziň” diýen çagyryş bilen çykyş edilýär.

Takyk sany belli däl, emma käbir tanymal sýyasy şahsyýetleri we olaryň ýakyn garyndaşlaryny öz içine alýan käbir tussaglaryň ykbaly bolsa indi 13 ýyldan bäri näbelli bolmaklygyna galýar. Şu günki programmamyzda bu ýagdaýyň olaryň çagalaryna ýetiren täsiri hakda gürrüň etmekçi.

Myhmanymyz, ençeme garyndaşy tussaglykda bolan, Türkmenistanyň oba hojalyk ministriniň öňki orunbasary Yklymow Sapar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG