Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Domraçewa üç altyn medal gazandy


Soçide geçýän gyşky olimpiýa oýunlarynda Belarusly Darya Domraçewa 12.5 kilometrlik biatlon ýaryşynda ýeňiş gazanyp, özüniň üçünji altyn medalyna eýe boldy.

Domraçewa duşenbe günki bu ýaryşynda 35 minut we 25.6 sekund wagt görkezdi. Ondan 20 sekund çemesi yzda galan Çehiýa Respublikasyndan Gabriela Soukalowa kümüş medal gazandy. Norwegiýaly Tiril Ekhoff bürünç medala eýe boldy.

Soçidäki olimpiýa oýunlarynyň ozalky günlerinde lyžaçy Domraçewa 12.5 we 15 kilometrlik beýleki bäsdeşliklerde hem altyn medallara eýe bolupdy. Habar berilişine görä, Domraçewanyň bir olimpiadanyň dowamynda üç altyn medala eýe bolmagy öň görlüp-eşidilmedik ýagdaý bolupdyr.
XS
SM
MD
LG