Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orta Aziýa Nesimi bolsa, Türkmenistan onuň dabany


"Talyban" söweşijisi
"Talyban" söweşijisi
Orta Aziýada ýerleşýän ýurtlaryň hökümetleri hüşgärligi elden berenoklar. Sebäbi ýakyn wagtda Halkara güýçler Owganystandan öz goşunlaryny yza çekip başlamaly. Üstümizdäki aýlarda bu hüşgärlik has hem güýçlener.

Ýöne, ynha, Türkmenistan welin goňşularyndan tapawutlylykda hiç zady piňine-de almaýana çalym edýär. Aşgabat Owganystandan abanmagy ahmal bolan howpa garşy, hamana, 90-njy ýyllarda ulanan taktikasyna bil baglaýan ýaly. Ýöne ondan soň döwran üýtgedi. Eger ýagdaý şeýle dowam etse, onda Orta Aziýadaky döwletleriň arasynda iň agyr durnuksyzlyga uçrajak döwletleriň biri Türkmenistan bolaýmaly.

Aladalar

2014-nji ýylyň ahyrynda Halkara güýçler Owganystandan yza çekilmeli. Şonuň üçinem birnäçe aýdan bäri Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň we Gazagystanyň häkimiýetleri goňşy ýurtda üýtgejek ýagdaýlar barada öz aladalanmalaryny beýan edip gelýärler. Olar, eger-de howpsuzlyk meselesi owgan hökümetine galsa, onda näderis diýip alada edýärler. Agzalan ýurtlaryň ählisi eýýäm birnäçe aýdan bäri terrorizme garşy göreş boýunça harby türgenleşik okuwlaryny geçirýärler.

Türkmenistanda ýagdaý beýle däl. Owganystanda geljekde boljak üýtgeşmeler babatynda Türkmenistan hiç zady piňine alanok. Ýogsa, Türkmenistan Owganystan bilen 744 kilometrlik araçäge şärik.

Türkmen hökümeti 90-njy ýyllaryň çarkandakly döwründe Orta Aziýanyň araçägine aralaşan "Talyban" goşunlaryndan nädip halas bolan bolsa, ýene-de şeýdip gutularyn öýdýär.

Türkmen häkimiýetleri demirgazyk Owganystandaky, has takygy Türkmenistan bilen araçäkleşýän Farýab we Jowuzjan welaýatlaryndaky etniki türkmen toparlarynyň ýolbaşçylaryna gol uzatdylar.

Ýaňy-ýakynda birnäçe owganystanly kethudalar türkmen resmileri bilen duşuşyk geçirdiler. Türkmenlere Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajyýew başlyklyk etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy Türkmenistana sapar eden toparyň agzalarynyň biriniň üsti bilen habarly boldy.

Hemaýat

Döwlet mediasynda "duşuşyk" barada dil ýarylmady. Owgan kethudalarynyň arasynda ozal "Talybanlar" bilen gatnaşykda bolan adamlar hem bar ekeni. Türkmen hökümetiniň agzalýan ýerlere azyk-haryt we beýleki hojalyk harytlaryny kömek hökmünde ugradýandygy hem aýdylýar. Şeýle-de öz goňşuçylygyndaky käbir welaýatlary hem arzan elektrik togy bilen üpjün edýär.

Türkmen kömegi Owganystana bardy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:41 0:00

90-njy ýyllaryň ahyrynda Owganystany “Talybanlar” ele geçirende, türkmen hökümeti hem beýleki Orta Aziýanyň döwletleri ýaly, "Talybana" garşy boldy. Aşgabat “Talyban” hökümetini resmi ýagdaýda kabul etmedi, ýöne "Talybana" wekilçilik edýän edaranyň Türkmenistanda hereket etmegine rugsat berdi.

1999-njy ýylda “Owganystanda parahatçylyk boýunça gepleşikler” Türkmenistanda geçirildi. "Talybanyň" lideri Molla Muhammet Omar Orta Aziýanyň beýleki ýurtlaryna, aýratynam Özbegistan bilen Täjigistana haýbat atdy. Olary Owganystanyň meselerlerine goşulmakda aýyplady. Ýöne Türkmenistanyň üstüne şondan bäri "Talyban" howpy abanmady.

2013-nji ýylyň aprel aýynda Owganystanyň Farýap welaýatynyň Kaýsar etrabynda, ýagny Türkmenistan bilen araçäkleşýän etrabynda soňky on ýylyň iň gandöküşikli çaknyşygy boldy. Şonda Owganystanyň harby güýçleri bilen 700 sany "Talyban" söweşijileriniň arasynda 9 günläp dowam eden uruş barada owgan metbugatynda habar berildi.

Urşuň netijesinde hökümet güýçleri talyplary Kaýsardan kowup çykardy ýöne, ynha, sentýabr aýynda ýaňky söweş ýene-de möwjedi. Söweşde Farýap welaýatynyň başga etraplarynyň biriniň "Talybanlardan" bolan ýolbaşçysy öldi diýlip habar berildi.

Talyplaryň gözegçiligindäki sebitler

Azatlyk Radiosynyň Owganystandaky habarçysynyň berýän habaryna görä, Farýap we Jowuzjan welaýatlarynda eýýäm "Talybanyň" golastyna geçen “çetin” ýerler bar. Habarçylaryň berýän maglumatlarynda Owganystandaky etniki türkmen toparlarynyň ýaraglanyp, ”Talybanyň” hataryna goşulýandyklary aýdylýar.

Bir habarçynyň berýän maglumatynda üç aý çemesi wagt mundan ozal Owganystanyň Jowuzjan welaýatynyň Türkmenistan bilen araçäkleşýän obalarynyň birinde "Talyban" tarapdary bolan bir toparyň üstüniň açylandygy aýdylýar.

Şonda hökümet güýçleri agzalýan oba gelip, bu topary obadan kowup çykarypdyr. Gürrüňi edilýän toparda esasan etniki türkmenleriň bardygy aýdylýar. Olara etniki özbekler ýolbaşçylyk edýän ekeni we topar Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndan geçýän Amyderýanyň adalarynyň birindäki gaçybatalgada mesgen tutunypdyr.

Bu ýagdaý owgan-özbek ýa-da owgan-täjik serhedinde ýüze çykan bolsa, onda degişli ýurduň howpsuzlyk güýçleri olara garşy çäre görerdiler. Ýöne, ynha, türkmen serhetçilerinden hiç hili habar-hatyr ýok. Diýmek, "Talyban" bireýýäm Türkmenistanyň araçägine bardy ýa-da golaýlaşdy, belki-de ozal hem bolşy ýaly olar özleriniň “bitarap” goňşularyny biynjalyk etmezler, has dogrusy, belki-de “aç-açan biynjalyk” etmezler diýsek, has makul bolar.

"Talybanyň" hataryndaky türkmenler

Ýöne mundan beýläk Aşgabat türkmenistanly türkmenlerden gatyrganyp başlamaly.
Ozalam belläp geçişimiz ýaly, Owganystanda häzir “Talybanyň” tarapyna geçen owgan türkmenleri bar.

Ynha, Türkmenistanyň türkmenleri hakda welin biz Pakistandan ýa-da Siriýadan üýtgeşik habarlar eşidýäris. Azatlyk Radiosyna bir pakistanly owgan türkmeni Pakistandaky söweşiji toparlaryň arasynda türkmenistanly meýletinçileriň bardygyny aýtdy.

Geçen ýylyň iýun aýynda YouTube wideo portalynda Siriýada ele salnan dört sany türkmenistanlynyň wideoýazgysy peýda boldy. Olar özleriniň Türkmenistandandygyny aýtdylar. Geçen ýylyň oktýabr aýynda Siriýanyň Ýokary müftüsi Ahmet Bedretdin Hassun Siriýada Türkmenistanyň raýatlaryndan 360 sanysynyň “hakynatutma söweşijileriň” hatarynda urşa gatnaşýandygyny belledi.

Türkmenistanly diýilýän söweşiji Siriýada
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

Noýabr aýynda Orsýetiň howpsuzlyk güýçleri paýtagt Moskwada gadagan edilen "Takfir Wal-Hijra" toparynyň 15 sany agzasyny saklady. Olaryň hatarynda-da Türkmenistanyň raýatlarynyň bardygy aýdyldy.

Aşgabat Owganystanyň Türkmenistan bilen araçägini kesip, ýurda girýän şular ýaly adamlaryň öňüni almaly. 90-njy ýyllarda bolan käbir wakalar ýagdaýyň has agyr boljakdygyna güwä geçýär.

800 töweregi owganystanly bosgun 1996-njy ýylyň soňlarynda bolan söweşden gaçyp, Türkmenistana sygyndylar. 1997-nji ýylyň iýun aýynda birnäçe müň adam Türkmenistanyň araçägine doly girdi. 2000-nji ýylyň awgust aýynda Orsýetiň Interfaks habar agentligi, adyny efirde bermek islemedik orsýetli harby serkerdäniň sözlerine salgylanyp, Özbegistanyň "Yslam Hereketiniň" meýletinçileriniň Owganystandan Özbegistana barmak üçin Türkmenistanyň araçägini kesip geçýändikleri habar berdi.

Howpsuzlyk gulluklary

Türkmenistanyň Howpsuzlyk gulluklary gözüniň ody alnan, režim tarapyndan ýigrimi ýyllap gysylan, basylan öz raýatlary bilen meşgul bolmaga öwrenişdi. Indi türkmen halkynyň ýürek edip, öz hökümetiniň garşysyna gidip bilmejekdigi görnüp dur. Ýöne, ynha, Türkmenistanyň şol Howpsuzlyk gulluklarynyň, garadangaýtmaz hem-de taýýarlykly ýaragly toparlaryň döretjek howpundan nädip baş alyp çykjakdygy welin hiç kime-de mälim däl. Ýene bir gümürtik ýagdaý bar, ýagny eger-de şeýle söweşiji toparlar Türkmenistanda peýda bolup başlasalar, türkmen häkimiýetleri haýsy ýüzi bilen öz halkyndan goldawa garaşarka.

Türkmenistanyň harby we howpsuzlyk güýçleriniň ýagdaýy gözgyny.
Matiýuw Klementse
“Gyşlak owazy” atly gepleşigimizde Britaniýanyň “IHS Jane’s” toparynyň işgäri Matiýuw Klementse bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistandaky ýagdaýa baha bermegini soradyk. Ol örän ähmiýetli bir meseläniň üstünde durup geçdi: “Türkmenistanyň harby we howpsuzlyk güýçleriniň ýagdaýy gözgyny. Olaryň Kollektiw Howpsuzlyk ylalaşyk guramasy ýaly regional howpsuzlyk bileleşiklere agza bolmandygy sebäpli, Orsýetden beýlekiler ýaly goldaw alyp bilmejekdigi görnüp dur. Şonuň üçin olara hüjüm edilse, garşylyk görkezip bilmejekdiklerini çaklamak kyn däl”.

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan “bitaraplyk” statusy ykrar edilen Türkmenistanyň beýleki ýurtlar bilen hiç hili gorag we howpsuzlyk şertnamasy ýok. Eger-de ýurda içerde dörän duşman hüjüm etse, onda Aşgabat hiç kimden haraý sorap bilmez.

Şeýle ýagdaý ýüz berse, onda Türkmenistanyň goňşulary Gazagystanyň, Özbegistanyň ýa-da Eýranyň reaksiýasy nähili bolarka? Ýa-da Türkmenistan bilen taryhyň dowamynda uzak wagtlap gyzyklanyp gelýän Orsýetiň reaksiýasy nähili bolarka?
XS
SM
MD
LG