Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: 7 magdançy heläk boldy


Ukrainanyň gündogarynda kömür käninde bolan partlamada ýedi sany magdançy heläk boldy. Ýaralanan dokuz magdançy keselhana eltildi.

Resmileriň aýtmagyna görä, partlama duşenbe güni agşam Donetsk regionynda döwletiň eýeçiligindäki Piwniçna käninde bolupdyr. Adatdan daşary ministrligi heläk bolan magdançylaryň jesetleriniň sişenbe güni irden çykarylandygyny we käniň işiniň togtadylandygyny habar berdi.

Partlamanyň sebäpleri derňelýär, emma Ukrainanyň mediasy muňa gazyň syzmagynyň sebäp bolandygyny aýdýar.

Ukrainanyň känlerinde adam heläkçilikli wakalar yzygiderli ýüze çykýar. 2007-nji ýylda Donetsk regionynda Zasýadko käninde bolan partlama zerarly 100-den gowrak magdançy heläk bolupdy.
XS
SM
MD
LG