Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Banklaryň öňünde nobat artýar


Gazagystanyň üç sany esasy bankynyň ýüzlerçe müşderisi ýurduň milli puly teňňäniň çürt-kesik hümmetsizlenmegi bilen baglylykda bank hasaplaryndaky pullaryny almak üçin uzak nobatlarda durýar.

AÝ/AR-nyň Almatydaky habarçylary “Kaspy Bankyň”, “Alýans Bankyň” we “TsenrKredit bankyň” müşderileriniň sişenbe güni öz pullaryny nagtlaşdyrmak üçin banklaryň bölümlerine üýşendigini habar berdiler.

Banklar beýannama ýaýradyp, özleriniň dargamagynyň ähtimaldygy barada sosial ulgamlarynda we sms maglumatlarda peýda bolan myş-myşlaryň galpdygyny yglan etdiler.

Geçen hepdede Gazagystanyň Milli banky teňňäniň 19%-e çenli hümmetiniň gaçmagyna rugsat berendigini yglan edipdi bu Almatyda köpçülikleýin protestleri döredipdi. Teňňäniň hümmetsizlenmegi ýurtda ähli harytlaryň we hyzmatlaryň bahasyna täsir ýetirdi. Gazagystan harytlaryň we azyk önümleriniň köpüsini daşardan satyn alýar.
XS
SM
MD
LG