Sepleriň elýeterliligi

Soçi: “Pussy Riotyň” öňki agzalary ýene tussag edildi


Gyşky Olimpiadanyň geçýän ýeri Soçide “Pussy Riot” art toparynyň öňki iki agzasy polisiýa tarapyndan tussag edildi.

Mariýa Alýohina özüniň we Nadežda Tolokonnikowanyň jenaýaty etmek bilen bagly şübhe esasynda tussag edilendigini sişenbe güni Twitterde ýazdy. Alýohina jikme-jik maglumat bermedi.

Orsýetli adam hukuklaryny goraýjy aktiwist Semýon Simonow bu iki zenanyň ogurlykda günälenýändigini, şeýle-de ýene ençeme aktiwistiň polisiýa tarapyndan tussag bolandygyny habar berdi.

Alýohina we Tolokonnikowa iki ýyla golaý wagtlap tussaglykda bolmakdan soň dekabr aýynda boşadylypdy. Olar 2012-nji ýylyň fewral aýynda Moskwanyň Baş ybadathanasynda Putine garşy aýdym aýtmagy sebäpli dini ýigrenje ýugrulan başbozarlykda aýyplanyp türmä höküm edilipdi.

Tolokonnikowa we Alýohina tussaglykdan boşadylansoň “Pussy Riot” toparyny terk edip, adam hukuklaryny goramak ýoluny saýlap aldylar.
XS
SM
MD
LG