Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bangkok: Çaknyşyklarda 3 adam wepat boldy


Taýlandyň häkimiýetleri ýurduň paýtagtynyň köçelerinden protestçileri kowmak boýunça çärelere balansoň azyndan üç adam, şol sanda polisiýa ofiseri wepat boldy.

Sişenbe günki bu çärelerde azyndan 60 adamyň ýaralanandygy barada habar berildi. Polisiýanyň aýtmagyna görä, sişenbe güni irden protestçileri Bangkokyň köçelerinden kowmak boýunça geçirilen çäreleriň netijesinde 100-e golaý adam tussag edilipdir.

Protestler geçen ýylyň noýabr aýyndan bäri geçirilýär. Protestçiler premýer-ministr Ýingluk Sinawatranyň wezipesinden çekilmegini talap edip, ony 2006-njy ýylda harby agdarylyşykda wezipesinden çetleşdirilen agasy Thaksin Sinawatranyň bähbitlerini öňe sürmekde aýyplaýarlar.

Hökümete garşy çykyş edýänleriň lideri Suthep Thuagsuban 18-nji fewralda Bangkokda eden çykyşynda “Adamlar öz talaplaryny anyk mälim etdiler, tutuş Thaksin režimi ýurtda doly ýok edilmeli, premýer-ministr Ýingluk Sinawatra gitmeli”, diýdi.

Sişenbe güni Taýlandyň korrupsiýa garşy edarasy azyk önümlerine degişli gapma-garşylykly döwlet kömegi bilen baglylykda premýer-ministre garşy edilýän aýyplamalara serediljegini mälim etdi.
XS
SM
MD
LG