Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Polisiýa protestçiler bilen çaknyşdy


Ukrain polisiýasy protestçiler bilen çaknyşdy
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:16 0:00

Ukrain polisiýasy protestçiler bilen çaknyşdy

Kiýewiň merkezinde ukrain polisiýasy hökümete garşy protestçiler bilen çaknyşdy.

Berilýän maglumata görä, çaknyşyk haçan-da demonstrantlar parlament binasyny goraýan polisiýa halkasyny böwsüp geçmekçi bolanda ýüze çykdy.

Polisiýa daş zyňýan protestçilere garşy tüsse granatlaryny we rezin oklary ulandy. Demonstrantlar bolsa polisiýanyň iki ulagyny ýakdylar.

Ukrainanyň habar serişdeleriniň maglumatyna görä, rezin oklardan azyndan iki aýal protestçi ýaralanypdyr. Içeri işler ministrligi wakada üç işgärine şikes ýetendigini habar berdi.

Reforma talaplary

Müňlerçe protestçi Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyndan parlament binasyna tarap ýöriş geçirip, prezident Wiktor Ýanukowiçiň ygtyýarlyklaryny çäklendirýän reformalaryň geçirilmegini talap etdiler.

Oppozisiýadaky “Swoboda” (“Azatlyk”) partiýasynyň lideri Oleg Týahnibok ýörişiň dowamynda žurnalistlere şeýle diýdi: “Güýjüň çeşmesi hökmünde halk köpçüligi özüne wekilçilik edýänlere basyş görkezip, parlamentde agzalan kararlaryň kabul edilmegini gazanjak bolarlar. Goý, bu sişenbe güni ýa çarşenbe güni ýa-da penşenbe güni bolsa-da bolsun. Emma bu zatlar şu gün amala aşsa, has gowy bolardy”.

Parlamentde...

Parlamentiň içinde bolsa oppozision deputatlar spikeriň münberiniň öňüni böwetlediler. Bu ýagdaý parlamentiň başlygynyň oppozisiýa tarapyndan hödürlenen reformalary diňlenişigiň gün tertibine girizmänligi sebäpli döredi.

Ukrainada hökümete garşy protestler eýýäm üç aýdan gowrak wagt bäri dowam edýär. Demonstrantlar prezident Ýanukowiçiň häkimiýetden çekilmegini talap edip, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyny we ençeme hökümet binalaryny eýelediler.

Duşenbe güni oppozisiýa liderleri Arseniý Ýatsenýuk we Witaliý Kliçko Germaniýanyň kansleri Angela Merkel bilen duşuşyp, ýurtdaky syýasy krizisi maslahat etdiler.

Şeýle-de duşenbe güni Russiýanyň maliýe ministri Anton Siluanow Moskwanyň Ukrainanyň 2 milliard dollarlyk ýewroobligasiýalaryny satyn aljakdygyny mälim etdi.

Dekabr aýynda Kiýew bilen Moskwa Russiýanyň 15 milliard dollarlyk ukrain ýewroobligasiýalaryny satyn almagy boýunça özara ylalaşyga geldiler. Mundan öň Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen planlaşdyrylan erkin söwda ylalaşygyndan ýüz öwrüp, köpçülikleýin protestleriň döremegine sebäp boldy.

Dowam edýän protestleriň fonunda Ukrainanyň milli pul birligi griwna şu ýyl eýýäm öz hümmetiniň 7%-ni ýitirdi.

XS
SM
MD
LG