Sepleriň elýeterliligi

Kiýewde heläkçilikli çaknyşyklar boldy


Kiýewde hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň we ýöriteleşdirilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklar zerarly soňky hepdelerde Ukrainanyň paýtagtynda iň zorlukly wakalar emele geldi.

Oppozision lukmanlar we oppozision “Batkiwşina” partiýasyndan aklawçylar sişenbe günki çaknyşyklarda azyndan üç protestçiniň wepat bolandygyny we ençeme adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.

Polisiýa parlamentiň binasyna tarap ýöriş geçiren protestçilere garşy rezin oklary, sesli hem tüsseli granatalary ulandy. Protestçiler polisiýany daşlady. Ukrainanyň Içeri işler ministrligi azyndan ýedi sany işgäriniň ýaralanandygyny habar berdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi soňky dartgynlylyga “ýol bermekde” günbatarly syýasatçylary aýyplady.
XS
SM
MD
LG