Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tok ýetmese-de, eksporty artýar


Türkmenistandaky elektrik transformator

Türkmenistandaky elektrik transformator

Türkmenistan özünden artýan elektrik toguny Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek, ýagny satmak barada Eýran ýolbaşçylary bilen resmi gepleşikleri geçirýär.

Azerbaýjanyň "Trend" habar agentliginiň maglumatyna görä, türkmen hökümeti sagatda 800 million kilowat togy Türkiýä geçirmäge rugsat etmegini sorap, Eýranyň ýolbaşçylaryna ýüz tutupdyr.

16-njy fewralda çap edilen şol habarda, bu mesele barada iki ýurduň ýolbaşçylarynyň arasynda mundan ozalam gepleşikleriň geçirilendigi, emma henize çenli Eýranyň bu haýyşa jogap bermändigi hem aýdylýar.

Habarlardan çen tutulsa, Türkmenistan artykmaç toguny Türkiýä satmakçy, şeýle-de Türkmenistanyň Owganystana iberýan elektrik togunyň möçberini artdyrmak üçin hem häzirki döwürde Owganystanyň hökümeti bilen gepleşikleriň geçirilýändigi barada habarlar bar.

Şol bir wagtda...

Emma şol bir wagtyň özünde-de Türkmenistanda, hatda elektrik öndürýän esasy merkezlerden biri diýlip tanalýan Mary welaýatynda-da, elektrik togunyň ýetmezçiliginden kösenýan etrapdyr, obalara duş gelmek mümkin.

Marynyň Serhedabat we Tagtabazar etraplary olardan diňe ikisi, bu etraplar indi ýylyň-ýylyna tok ýetmezçiliginden kösenýärler, bu kösençlik, bu ýylyň adaty bolmadyk sowuk howasy sebäpli hasam ýiti duýulýar.

Etrap merkezidigine garamazdan, Tagtabazaryň togunyň indi ep-esli wagtdan bäri öçýän halatlary bar, hatda tok bolan günleri-de bu etrabyň hut göçen obany ýatladýan garaňky köçeleri bar.

Tagtabazar şäherçesiniň düýbünde ýerleşýän obalaryň elektrik üpjünçiligi hasam gözgyny ýagdaýda. Elektrik togy käte sagatlaýyn öçürilse, käte etrap merkezinden uzakdaky obalara elektrik togunyň gezekleşdirilip berilýändigi aýdylýar.

Onuň sebäbini ýerli ýaşaýjylar transformatorlaryň sandan çykanlygy bilen düşündirýärler. Bu etraplarda elektrik togy güýçliräk ýel öwsende-de öçürlýän wagtlary bar. Munuň sebäbi hem sebitdäki elektrik simleriniň 30-40 ýyl mundan ozal çekilen köne simler bolany üçin diýip, ýerli ýaşaýjylar gürrüň berýärler.

Zyýanly täsirler

Elektrik togunyň ýanyp-öçüp durmagy bolsa, tok bilen işledilýän enjamlara hem öz zyýanly täsirini ýetirýär. Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir tagtabazarlylar, şol sebäpden stabilizatorlary edinmeli bolýandyklaryny we onuň hersiniň bahasynyň bolsa 100 dollara barabardygyny gürrüň berdiler.

Serhadabat etrabynyň beýleki bir obasy - Saryjanyň ýagdaýy hasam gözgyny, sebäbi bu oba tebigy gazyň ullakan çeşmeleriniň golaýynda ýerleşýändigine garamazdan, diňe elektrik däl, gaz üpjünçiliginiň pesligindenem kösenýär. Netijede bu obanyň ýaşaýjylary ýyladyş hem gündelik hajatlary üçin çöl odunyna barha köp bil baglaýandyklaryny we obada odun sektorynyň döräp başlandygyny aýdýarlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG