Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Milli bankyň öňünde protest geçýär


Gazagystanyň dürli şäherleriniň ýaşaýjylary özleriniň jaý satyn almak üçin bankdan alnan karzynyň möçberine gaýtadan garalmagyny talap edýärler. Geçen hepdede Gazagystanyň Milli banky teňňäniň hümmetiniň 19% çenli gowşamagyna rugsat berýändigini yglan edipdi.

Protestçileriň onlarçasy çarşenbe güni Gazagystanyň Milli bankynyň Almatydaky edarasynyň öňünde jemlendiler, olar bankyň başlygyna talap hatyny gowşurmak isleýärler. Protestçiler jaý satyn almak üçin bankdan dollarda kredit alnanda bir amerikan dollarynyň 150-155 teňňä durandygyny, häzir bolsa milli puluň hümmetsizlenmeginden soň bir dollaryň 185-189 teňňä durýandygyny aýdýarlar.

Protestçiler öz aýlyklary teňňede bolansoň bankdan dollarda alnan karzlarynyň möçberiniň çürt-kesik göterilendigini habar berýärler. Milli bankyň metbugat-wekili kreditlere garmak boýunça komissiýanyň dörediljegini protesçilere aýtdy. Teňňäniň hümmetiniň peselmegi Almatyda köpçülikleýin protestleriň ençemesini döretdi.
XS
SM
MD
LG