Sepleriň elýeterliligi

Kiýewe desant goşunlary iberildi


Ukrainanyň goranmak ministri Pawlo Lebedew Kiýewe desant bölümlerini iberendigini habar berdi. Ukrainanyň paýtagtynda polisiýanyň we protestçileriň arasynda adam heläkçilikli çaknyşyklar boldy.

Lebedewyň çarşenbe güni aýtmagyna görä, Dnepropetrowsk şäherinde ýerleşýän desant bölümleri Kiýewe iberilip, harbylar ýaragyň we harby enjamlaryň saklanýan ýerlerini goramaly bolarlar.

Ukrainanyň öňki goranmak ministri Anatolyý Hrytsenko çarşenbe güni özüniň Facebookdaky sahypasynda Dnepropetrowskyň 25-nji desant brigadasynyň 500 harbysynyň Kiýewe iberilendigini ýazdy.

Ukrainanyň goşuny hökümetiň we hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň arasynda dowam edýän garşylyga goşulmandy. Ukrainadaky protestler geçen ýylyň noýabr aýynda prezident W.Ýanukowiç Ýewropa Bileleşigi bilen ýakynlaşmak barada ylalaşyga gol çekmekden boýun gaçyransoň başlanypdy.
XS
SM
MD
LG