Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Ýanukowiçi aýyplaýar, Orsýet oppozisiýany


Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat boýunça ýolbaşçysy Katerine Aşton guramanyň daşary işler ministrlerini Ukraina boýunça adatdan daşary gepleşikleri geçirmäge çagyrdy. Çarşenbe güni Aşton “repressiýalara we adam hukuklarynyň bozulmagyna” jogapkärler babatynda “ähli mümkinçilikleriň”, şol sanda “çäklendiriji çäreleriň” ulanylmalydygyny aýtdy.

Ýewropa Bileleşiginiň reaksiýasy Kiýewde polisiýanyň we hökümete garşy çykyş edýän protestçileriň arasynda gandöküşlikli çaknyşyklaryň ýüze çykmagynyň yzýany peýda boldy. Şwesiýanyň daşary işler ministri Karl Bildt Kiýewdäki gandoküşlikde prezident Ýanukowiçi aýyplady.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius Parižde žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda “biz muňa biparh garamarys, Fransiýa herekete geçmekçi” diýdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrligi Ukrainadaky soňky wakalary “güýç bilen häkimiýeti basyp almak” boýunça hereket diýip atlandyrdy. Daşary işler ministrliginiň metbugat-wekili Aleksandr Lukaşewiç “Orsýet Maýdan liderlerinden öz ýurtlaryndaky gandöküşligi togtatmagy we kanuny hökümet bilen haýbat atmazdan hem nägilelik bildirmezden derhal gaýtadan dialoga başlamagy talap edýär”, diýdi.

Ukrain resmileri Kiýewde sişenbe güni protestçileriň we polisiýanyň arasynda bolan çaknyşyklarda azyndan 25 adamyň, şol sanda 9 polisiýa wekiliniň wepat bolandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny habar berdiler.
XS
SM
MD
LG