Sepleriň elýeterliligi

Zeman Ýanukowiçiň saparyny ýatyryp biler


Kiýewdäki zorluklar dowam etse Çehiýanyň prezidenti Milos Zemanyň Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň Praga sapar etmegi üçin ýollan çakylygyny ýatyrmagy ähtimal.

Çarşenbe güni Zemanyň metbugat-wekili Jiri Owsasek Çehiýa Respublikasynyň prezidentiniň Ukrainadaky zorlugy doly ýazgarýandygyny we muňa ýolberilmesiz ýagdaý hökmünde garaýandygyny aýtdy.

Ýanukowiç Praga Ýewropa Bileleşiginiň Gündogar Partnýorlyk programmasynyň çäginde aprel aýyna bellenen ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmak üçin çagyrylypdy.
XS
SM
MD
LG