Sepleriň elýeterliligi

Soçi: Wild Orsýet üçin altyn medal gazandy


Wik Wild Orsýet üçin snowbord boýunça altyn medal gazandy.

Amerikada doglan Wild Soçide geçýän Olimpiadanyň snowbord boýunça ägirt slalom ýaryşynda Şweýsariýaly Newin Galmariniden üstün çykdy. Erkek sportçylaryň arasynda snowbord boýunça bu ýaryşda bürünç medala Sloweniýaly Zan Kosir eýe boldy.

Sportyň bu görnüşinde aýallaryň arasynda Sweýsariýaly Patrizia Kummer altyn medal gazandy.

Çarşenbe günki ýaryşda Ýaponiýaly Tomoka Takeuçi ikinji bolup, öz ýurdy üçin snowbord ýaryşynda ilkinji medal gazandy. Orsýetli Alena Zawarzina üçünji ýer ugrunda Awstriýaly Ina Mesçik bilen bäsleşip, üstün çykdy we bürünç medala eýe boldy.
XS
SM
MD
LG