Sepleriň elýeterliligi

Ukrainanyň Olimpiýa komiteti zorlugy ýazgardy


Ukrainanyň Olimpiýa komitetiniň prezidenti Sergeý Bubka ýurtdaky syýasy krizisde taraplaryň ikisine-de ýüzlenip, zorlugy bes etmäge ündedi we häzirki ýagdaýyň ýurdy “betbagtçylyga iterýändigini” aýtdy.

Öňki olimpiýa çempiony Bubka bu ýüzlenmesi bilen Kiýewde polisiýanyň we protestçileriň arasynda bolan heläkçilikli çaknyşyklaryň yzýany çykyş etdi. Bubka ukrainaly sportçylar Soçide geçýän olimpiýa oýunlarynda öz ýurdunyň abraýy ugrunda parahatçylykly göreşýärkä ýurtda emele gelen pajygaly wakalaryň aýylganç täsir ýetirýändigini aýtdy.

Ukrainanyň Olimpiýa komitetiniň aýtmagyna görä, Soçide Bubkanyň ýolbaşçylygyndaky ukrain delegasiýasy Halkara olimpiýa komitetine ýüzlenip, ýaryşlara gatnaşýan sportçylaryň Kiýewde heläk bolanlaryň hatyrasyna gara lenta dakynmagyna rugsat sorapdyr. Halkara olimpiýa komiteti bu haýyşy ret edipdir.
XS
SM
MD
LG