Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gazagystan: Sosial medianyň banklar bilen göreşi


Sosial mediada dörän iki agyz gürrüň sişenbe güni Gazagystanda bank hasaby bolan ýüzlerçe adamynyň öz pullaryny banklardan yzyna almak üçin tijenmegi üçin ýeterlik boldy.
Sosial mediada dörän iki agyz gürrüň sişenbe güni Gazagystanda bank hasaby bolan ýüzlerçe adamynyň öz pullaryny banklardan yzyna almak üçin tijenmegi üçin ýeterlik boldy.
Gazagystanda sosial medianyň üsti bilen “ýurduň çägindäki banklar ýakyn wagtda çöker” diýen myş-myşlar halk arasynda giňden ýaýrap başlady. Internetdäki gep-gürrüňlerden ugur alyp, gazaba münen gazagystanlylar ýagdaýy ýerinde anyklamak üçin öz pullaryny saklaýan banklaryna tarap “eňdiler”.

Ynha, bu waka “sosial medianyň näderejede güýçlüdigini” ýene-de bir gezek subut edýär. Myş-myşlaryň esaslydygyna ýa-da däldigine garamazdan, intenetde peýda bolan ýeke agyz gürrüň ýüzlerçe adamy herekete getirýär.

Sosial mediada dörän iki agyz gürrüň, şeýle-de geçen hepdäniň dowamynda “teňňäniň” 20 göterimlik hümmetsizlendirilmegi, sişenbe güni Gazagystanda bank hasaby bolan ýüzlerçe adamynyň öz pullaryny banklardan yzyna almak üçin tijenmegi üçin ýeterlik boldy.

"Habar"

18-nji fewralda ir bilen WhatsApp arkaly kimdigi näbelli bir adam, ýurduň üç sany hususy bankynyň, ýagny “Kaspiý”, “Alians” we “Sentkredit” banklarynyň çökýändigini habar berdi. Şondan birnäçe sagat geçip geçmänkä, agzalýan banklaryň Almatydaky we Astanadaky edara jaýlarynyň öňünde “giden jemende” peýda boldy. Olar öz pullaryny yzyna almak isleýärdiler. Bank welin, olaryň isleglerini ret etdi. Ynha, şondan soň bolsa banklaryň “çökjekdigi” baradaky gürrüňler has hem möwjäp, ýaýbaňlanyp başlady.

Haçan-da gürrüňi edilýän banklaryň biri özüniň sosial mediadaky sahypasynda “myş-myşlaryň” esassyzdygyny aýdyp, şeýle maglumaty ýaýradan adamy tapana 500 müň amerikan dollary sylag hökmünde berjekdigini habar berensoň, aljyraňňy adamlaryň ýüregine suw sepildi.

Şeýlelikde adamlar köşeşdirildi, ýöne bolan wakanyň täsiri entek-entekler ýatdan çykmaz.

Sosial medianyň güýji

Londonyň Ykdysadyýet mekdebinde žurnalistika ugrundan professor bolup işleýän Çarliý Beket sosial medianyň täsirini has ýakyndan öwrenýär. Ol bu ugurdan şeýle diýýär: “Adam ogly “sosial medianyň üsti bilen tutuş ýer ýüzüne täsir edip bilerin” diýen düşünjä öwrenişip barýar. Elbetde, biz täsirlenýäris, sebäbi sosial mediadaky adamlar maglumat toplap, meseleleri ilik-düwme seljermäge çytraşýarlar. Aýratynam bank we maliýe ulgamlary “gep-gybatdan we myş-myşlardan” gysga wagtlyk hem bolsa, täsirlenýärler.”

Şeýle ýagdaýlar ozalam gaýtalanypdy. 2011-nji ýylda Şwesiýanyň Latwiýadaky “Şwedbanky” hem şeýle wakalary başdan geçiripdi. Şonda Twitter arkaly: “Şwedbank Estoniýada we Şwesiýada kynçylyk çekýär, kanunçylyk ugrundan käbir kynçylyklary başdan geçirýär” diýlen habar ýaýranda 10.000 adam, aljyrap, bir günüň dowamynda 14 million ýewrony bankomatlardan nagt görnüşinde çykarypdy.

Edil şuňa meňzeş ýagdaý Birleşen Ştatlarda-da bolupdy. 2009-njy ýylda “Craig’s list” (“Kreýgiň sanawy”) atly websahypada ”Kaliforniýa banky” barada bolar-bolugsyz myş-myşlar ýaýrapdy we munuň netijesinde bir topar adam öz pullaryny bankdan yzyna alypdy.

Sosial mediada dörän kelam agyz gürrüň, 2012-nji ýylda Birmada Ýangondaky banklary agyr güne salypdy.

Mümkin sebäpler

Dürli sebäpleriň käbir adamlaryň şeýle “hüjümlere” baş goşmagyna getirmegi ahmal. Mysal üçin, kähalatlarda haýsydyr bir bankyň bir işgäri işden kowlanda ol ar almak üçin şeýle ýoly saýlap alýar. Ýa-da bolmasa bankyň bäsdeşleriniň hem oslanmadyk gürrüňleri ýaýradýan bolmagy ahmal. Ýöne islendik ýagdaýda-da “myş-myşçylar” köpçüligiň maglumaty elekden geçirip bilmezliginden peýdalanýarlar.

Beketiň aýtmagyna görä, sosial medianyň muşdaklary entek doly kämil köpçülik däl. Sosial mediada ýaýran habarlar köplenç halatlarda dostlaryň öz aralarynda paýlaşylýar. Ynha, şu ýagdaý hem adamlaryň “habara” tankydy göz bilen çemeleşmezligine getirýär. Ýöne telewideniýede we radioda berilýän habarlara adamlar “şübheli” çemeleşýärler.

“Umuman aýdanymyzda, adamlara şeýle maslahat bermeli, ýagny Twitterden ýa-da Facebookdan okan iki sözlemlik habaryňa esaslanyp, netijä gelmeli däl. Elmydama habaryň çeşmelerine üns ber! Mysal üçin, sen şol maglumat çeşmeleriniň berýän habarlaryna ozaldan bil baglaýarmydyň? Ýagdaýyň änigine-şänigine ýet! Iki agyz gep-gürrüňe esaslanyp, ýaşaýyş durmuşymyzda tiz karar etmeýän bolsak, onda näme üçin sosial mediadaky “iki setirlik” ähtibarsyz habarlara örän tiz ynam edýäris?”

Gazagystanda bolan soňky ýagdaý barada giňişleýin maglumatlar wagtyň geçmegi bilen seljeriler, anyklanar. Ýöne bir ýagdaý açyk-aýdyň äşgär boldy, ýagny gazak häkimiýetleri sosial medianyň täsir güýjüniň ýokarydygyna we internetiň ýekeje “uçgun” bilen adamlary köçä çykaryp bilýändigine magat göz ýetiren bolmaly.

Şu wagta çenli hökümet sosial medianyň adamlary proteste çagyrmak üçin ulanylmagy barada öz aladalaryny bildirip geldi. Mysal üçin, sişenbe güni, 15-nji fewralda adamlar sosial media arkaly protest çärelerine gatnaşmaga çagyryldy. Şonda Almatyda 100 adam şäheriň merkezi meýdançasyna ýygnanyp, çäre geçirjek boldy, ýöne polisiýa işgärleri olaryň aglaba bölegini saklady.

Azatlyk Radiosynyň Gazak gullugynyň Almatydaky habarçysy Dina Baildildaýewa çäreler we sosial media barada şeýle gürrüň berýär: “Sişenbe güni geçirilen protest çäresinden oňem, penşenbe we anna günleri adamlar beýleki adamlary protestlere gatnaşmaga çagyranlarynda, WhatsApp ulgamyndan peýdalanypdyrlar. Ýöne hiç kim, adamlary protest geçirmäge çagyrýan kişileriň gözlegine çykmady. Olary tapjak bolmady. Ýöne, ynha, soňky bolan bu wakada banklar özleriniň arza-şikaýatlaryny prokurorlara geçirendiklerini, we olardan ýalan maglumatlary ýaýradan adamlary tapmagy sorandyklaryny aýdýarlar”.

Gazagystanda syýasy güýjem, ykldysady güýjem prezident Nursoltan Nazarbaýewa wepaly adamlaryň elinde. 18-nji fewralda Gazagystanyň Merkezi bankynyň başlygy Kaýrat Kelimbetow metbugat ýygnagyny geçirdi. Ol agzalýan üç hususy bankyň hem maliýe ýagdaýynyň durnuklydygyny habar berdi.
XS
SM
MD
LG