Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenabat: Göz-gülban jaýlar


Türkmenabadyň Ärsary baba köçesiniň ugry

Türkmenabadyň Ärsary baba köçesiniň ugry

Suw akyp duran köçeler, porsap ýatan hapalar, uly köçeden jaýlara sowulýan we çykýan, asla haýsydyr bir tertip-düzgüne gabat gelmeýän kanalizasiýa turbalary - bu Türkmenistanyň ikinji uly şäheri bolan Türkmenabadyň Ärsary baba we onuň bilen kesişýän käbir köçeleriniň häzirki durky.
Jaýlar bina edilende kanalizasiýa ulgamy göz öňünde tutulmandyr

Jaýlar bina edilende kanalizasiýa ulgamy göz öňünde tutulmandyr

Aşgabadyň öňden hem giň we owadan, şol bir wagtyň özünde-de barha giňeldilýän we owadanlaşdyrylýan köçeleri bilen deňeşdireniňde, Türkmenabadyň agzalýan köçeleri, hamala, Türkmenistanyň territoriýasyna degişli däl ýaly.

Jaýlaryň bina edilenine ýarym asyrdan hem aşa wagt boldy

Jaýlaryň bina edilenine ýarym asyrdan hem aşa wagt boldy

Şol köçelerdäki jaýlaryň gurlanyna ýarym asyr gowrak wagt bolupdyr. Olaryň aglabasy iki gatly jaýlardan ybarat bolup, olar hususy eýeçilige degişli. Gurlanyndan bäri şol jaýlarda hem köçelerde ençeme remont işleri geçirilen hem bolsa, köçe we onuň töweregindäki jaýlaryň kanalizasiýa sistemasy düýpden ýatdan çykarylana meňzeýär.
Ýagdaý şeýle bolansoň, häzirki döwürde kanalizasiýa bilen bagly problemanyň netijesi dürli-dürli görnüşlerde göze ilýär. Ýokarda agzalyp geçilişi ýaly, turbalaryň tertipsizligi bir mesele, olardan suwuň akyp, köçeleri hapalap durmagy - ikinji bir problema, has möhümi bolsa - hajathanalaryň ýagdaýy...
Umumy hajathana

Umumy hajathana

Jaýlar gurlanda, kanalizasiýa turbalary göz öňünde tutulmandyr, netijede olar jaý eýeleri tarapyndan soňra çekilipdir. Jaýlar gurlanda, kanalizasiýa turbalarynyň deregine ol jaýlarda umumy hajathanalar gurlupdyr we häzirki wagtda adamlar umumy hajathanalara gatnaýarlar.

Dört sany hersi on iki hojalykdan ybarat jaýlaryň ýaşaýjylary üçin niýetlenen hajathanalar şol köçäniň gyrasyndaky howlularyň her biriniň ortasynda gurlupdyr. Ol howlularyň içinden gelýän ýakymsyz yslar bolsa indi kän ýyllardan bäri üýtgewsiz dowam edýän ýagdaý.

Hapa suwlary adamlaryň özleri daşap, dökmeli bolýarlar

Hapa suwlary adamlaryň özleri daşap, dökmeli bolýarlar

Şeýle jaýlaryň birinde ýaşaýan 50 ýaşlaryndaky türkmenabatly Gurban aganyň aýtmagyna görä, “şol hajathanalara girip-çykanyňdan soňra galýan yslar eşigiňi ýuwanyňdan soňam aýrylmaýar. Ol öňden hem ýarawsyzrak adamlaryň saglygyna hem wehim salýar”.

Şeýle-de öýüň içinde ulanylan hapa suwlary adamlaryň özleri daşap, şol ýere dökmeli bolýarlar.

Bu ýagdaý diňe Ärsary baba köçesiniň ugrunda däl, Türkmenabadyň “Tekstilnyý” diýlip atlandyrylýan kiçi etrapçasynda hem dowam edýär, ol köçäniň ýagdaýy-da Ärsary baba köçesindäkiden o diýen tapawutly däl. "Tekstilnyý" kiçi etrapçasynyň käbir ýaşaýjylarynyň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, adamlar bu ýagdaýdan özleriçe çykalga tapmaga synanyşýarlar.

Adamlar hapa suw üçin niýetlenen rezerwuarlar saldyrýarlar

Adamlar hapa suw üçin niýetlenen rezerwuarlar saldyrýarlar

“Käbirleri aýratyn hajathanalar gurdurýarlar, hapa suw üçin niýetlenen rezerwuarlar saldyrýarlar, soňra bolsa çar tarapa turba çekdirýärler. Bu zatlar haýsydyr bir plana görä amala aşyrylmansoň, käbir halatlarda problemanyň hasam ulalmagyna sebäp bolýar” Diýip, etrapçanyň adynyň agzalmazlygyny soran beýleki bir ýaşaýjysy gürrüň berýär.

Elbetde, bu gurluşyklaryň çykdajylary adamlaryň öz gerdenlerine düşýär. Bu hem her maşgala başartmaýar, sebäbi agzalýan iki obýektiň, ýagny özbaşyňa hajathana we rezerwuar gurdurjak bolsaň, muňa azyndan 500 dollar çykdajy etmeli bolýandygyny ýerli ýaşaýjylardan käbirleri gürrüň berýärler.

Rezerwuar gurduranyňdan soň hem hapa suwlary çekdirmek üçin aýda 20-30 manat sarp edilmeli.

Bu ýagdaýdan çykalga gözläp, adamlar ençeme gezek degişli häkimliklere ýüzlenipdirler. Emma bu barada henize çenli iş ýüzünde edilen zat ýok.

Ýerli häkimligiň öz adyny aýtmakdan saklanan işgäriniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyndan çen tutsaň, bu barada käbir proýektler düzülip, Aşgabada iberilipdir. Ol taslamalar tassyklansa, onda geljekde şäheriň kiçi etrapçalarynda käbir oňyn özgerişlikliklere garaşa bolar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG