Sepleriň elýeterliligi

“Manas” Orsýetiň gözegçiligine geçip biler


Gyrgyzystanyň hökümeti paýtagt Bişkegiň golaýyndaky “Manas” howa meýdanyna gözegçiligi Orsýete tabşyrmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Çarşenbe güni Orsýetiň delegasiýasynyň gyrgyz resmileri bilen gol çeken ilkinji ylalaşygy aeroportyň eýeçiligine degişli. Bu howa meýdany häzirki wagtda NATO-nyň goşunlary we ýükleri üçin tranzit merkezi, şeýle-de ABŞ-nyň harbylarynyň ýerleşýän ýeri hökmünde ulanylýar.

Gyrgyzystanyň Energiýa ministriniň orunbasary Raimbek Mamyrowyň penşenbe güni Bişkekde žurnalistlere aýtmagyna görä, Orsýetiň döwlet gözegçiligindäki “Rosneft” nebit kompaniýasy Manasyň täzelenmegine 1 milliard dollar möçberde pul ýatyrmaga, muňa derek aeroportyň eýeçiliginiň 51% paýyna eýe bolmaga taýýarlyk bildirdi.

Gümrük gullugynyň müdiri Andreý Belyaminow Orsýetiň Gyrgyzystana sapar eden resmi toparyna ýolbaşçylyk edýär. Geçen ýylda Gyrgyzystanyň parlamenti NATO-nyň tranzit merkezini 2014-nji ýylyň 11-nji iýulyna çenli ýapmak kararyny yglan etdi.
XS
SM
MD
LG