Sepleriň elýeterliligi

Täjik-gyrgyz serhedi: Ýagdaý düzedildi


GDA-nyň Kollektiwleýin howpsuzlyk ylalaşygy guramasynyň baş sekretary täjik-gyrgyz serhedindäki ýagdaýyň düzedilendigini aýdýar. Täjigistana bir günlük sapar edýän Nikolaý Bordýužanyň Duşenbe žurnalistlere aýtmagyna görä, bilelikdäki täjik-gyrgyz komissiýasy iki ýurduň arasyndaky serhedi kesgitlemek boýunça işini jemläpdir.

Ýanwar aýynyň ortalarynda serhetde taraplaryň arasynda dörän ok atyşykda bäş gyrgyz serhetçisiniň, bir polisiýa işgäriniň we iki täjik serhetçisiniň ýaralanmagyndan soň ýapyk bolupdy.

Gyrgyzystan Täjigistany ganata we mina atýan ýaraglary ulanmakda aýyplady. Täjigistan bolsa Gyrgyzystany aýyplap, Gyrgyzystanyň dawaly giňişlikde ýol gurmagynyň çaknyşygy tutaşdyrandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG