Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Fukuşimadan radioaktiw suw syzdy


Ýaponiýanyň Fukuşima ýadro elektrostansiýasynyň operatory ýokary derejede radioaktiw suwuň 100 tonnasynyň saklanýan ýerinden syzyp çykandygyny habar berdi.

“Tokio Elektrik” bu wakanyň çarşenbe güni bolandygyny, zäherli suwuň syzyp içi eýýäm suwdan doly suw saklanýan ýere akandygyny aýtdy. Şol bir wagtyň özünde-de. operator zäherli suwuň okeana akmagynyň gümanadygyny belledi.

Fukuşyma atom elektrostansiýasy 2011-nji ýylda bolan ýer titremede zeper alandan soň ençeme problemalary başdan geçirdi. Geçen ýylyň awgust aýynda bu ýerden 300 tonna radioaktiw suw syzyp çykdy. Şonda Ýaponiýanyň ýadro agentligi şeýle wakalaryň gaýtalanmazlygy üçin taýýarlyk derejesini güýçlendiripdi.
XS
SM
MD
LG