Sepleriň elýeterliligi

Almaty: Blogerler ýene tussag edildi


Gazagystanda başbozarlykda aýyplanyp 10 günlük tussaglygy başdan geçiren üç sany garaşsyz bloger ýene tussag edildi.

Rinat Kibraew, Nurali Aitelenow we Dmitry Şçýolokow Almatynyň häkimi Ahmetžan Esimowyň şäheriň ýaşaýjylary bilen ýyllyk duşuşygyna gatnaşmak niýetini mälim edensoň penşenbe güni tussag edildiler.

Şu aýyň başynda blogerler Esimowyň gazagystanly blogerler bilen duşuşygyna goýberilmänligi sebäpli açyk protest geçirmekleri üçin polisiýa tarapyndan saklanypdy we 10 günlik tussaglyga höküm edilipdi.

Penşenbe güni häkim Esimowyň raýatlar bilen duşuşygyna AÝ/AR-nyň habarçysy we ýene ençeme adam goýberilmedi.
XS
SM
MD
LG