Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Adam pidalarynyň sany artýar


Kiýewde protestçileriň we ýöriteleşdirilen polisiýanyň arasynda bolan täze çaknyşyklarda ölen adamlaryň sany artdy.

Kiýewdäki žurnalistler penşenbe güni protestçiler ýandyryjy serişdeleri we daşlary ulanmak arkaly polisiýanyň liniýasyny böwsüp geçensoň Garaşsyzlyk meýdançasynda azyndan 17 adamyň jesediniň tapylandygyny habar berdiler. Polisiýa protestçilere garşy göz ýaşardýan gazy we rezin oklary ulandy.

Saglyk ministrligi ýedi adamyň, şol sanda iki sany polisiýa wekiliniň ölümini tassyklady. Ministrlik şu hepdede bolan zorlukly çaknyşyklaryň netijesinde 35 adamyň heläk bolandygyny we ýüzlerçe adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Ýewropa Bileleşiginiň üç daşary işler ministri Kiýewde Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç bilen duşuşdy we krizisden syýasy çykalga tapmaga synanyşyk etdi. Fransiýanyň, Germaniýanyň we Polşanyň ministrleri penşenbe güni öýlän Brussele baryp 28 agzaly guramanyň maslahatyna gatnaşarlar. Ýewropa Bileleşiginiň Ukraina garşy sanksiýalary girizmek meselesine garamagyna garaşylýar.
XS
SM
MD
LG