Sepleriň elýeterliligi

Teňňäniň hümmetsizlenmegi we migrantlar


Gazagystanda takmynan 80 müň sany täjik migrantynyň ýaşaýandygy aýdylýar. Olaryň aglaba bölegi bazarlarda we gurluşyk meýdanlarynda işleýärler.

Gazagystanda takmynan 80 müň sany täjik migrantynyň ýaşaýandygy aýdylýar. Olaryň aglaba bölegi bazarlarda we gurluşyk meýdanlarynda işleýärler.

Gazak teňňesiniň hümmetsizlenmegi köplere öz täsirini ýetirip başlady. Gazagystanda işleýän orta aziýaly migrantlaryň maşgalalary dörän soňky oňaýsyz ýagdaýlardan baş alyp çykmagyň ýollaryny gözleýärler.

Soňky wagtlarda Mamnuna Babalakowanyň dogan-garyndaşlary we maşgala agzalary agşamlyk edinmek üçin bir saçagyň başynda jem bolanlarynda, çaý başynda olaryň “teňňäniň hümmetsizlenmeginden” başga edýän gürrüňleri ýok. Olar Almatyda üç otagly jaýda kireýine ýaşaýarlar.

20% ýitgi

Täjigistanly Babalakowa we onuň myhmanlarynyň hemmesi Gazagystanda migrant işçi bolup işleýärler. Beýleki migrantlar bilen bir hatarda olar hem öz gazanan pullaryny gazak teňňesinde saklaýarlar we 11-nji fewralda teňňäniň hümmeti aşak gaçanda olar ýygnan pullarynyň 20 göterimini bir gijede ýitirdiler.

Babalakowa we beýleki täjigistanly migrantlar öz gürrüňlerinde, haçan-da Gazagystanda ykdysady we syýasy tolgunyşyklar bolanda, özleriniň ejir çekýändiklerini aýdýarlar. Olar özleriniň Täjigistanda ýaşaýan maşgalalaryna bank üsti bilen pul ugradanlarynda “hümmetsiz teňňäniň” oňaýsyz täsirini aňry ýany bilen duýýarlar. Sebäbi olara bankdan diňe “amerikan dollaryny” ugratmaga rugsat berilýär.

“Düýn men gaýynlaryma ugratmak üiçn 30 müň teňňe satyn aldym. Ozallar bu 200 amerikan dollaryna barabar bolardy. Indi bary ýogy 160 dollar” diýip, Babalakowa gürrüň berýär: “Bu ýagdaý biziň maşgala gaznamyza düýpli täsir etdi. Munuň täsirini göni duýmak bolýar”.

Täjigistandaky maşgalalar üçin 40 dollar az pul däl. Ýurtda ortaça aýlyk haky 120 dollar. Üstesine, iş tapmagam görgi.

Aratapawut

Babalokawa we onuň adamsy Alamatynyň bazarynda aýakgap satýarlar. Olar Gazagystanda öz ýurtlarynda gazanjak pullaryndan 4-5 esse köp pul gazanýarlar.

Gazagystanda takmynan 80 müň sany täjik migrantynyň ýaşaýandygy aýdylýar. Olaryň aglaba bölegi bazarlarda we gurluşyk meýdanlarynda işleýärler.

Gazgystan Orta Aziýada Orsýetden soň ikinji iň köp işçi migrantlaryny kabul edýän ülke. Ol ýerde ykdysadyýetiň güýçli depginde ösmegi, gurluşyk pudagynyň has hem kämilleşmegi we syýasy durnuklylygyň saklanyp galmagy ýurduň gelejekde-de has köp işçi migrantlary kabul etmäge mümkinçiliginiň barydgyny görkezýär.

Orta aziýaly migrant işçiler üçin Gazagystanyň golaýda ýerleşmegi, onuň din, medeniýet we däp-dessur taýdan beýleki orta aziýaly halklara golaýdygy migrantlara käbir ýeňillikleri döredýär. Gazagystana işlemäge gelen özbegistanly we gyrgyzystanly migrantlar hiç hili dil kynçylygyny başdan geçirmeýärler. Sebäbi gazak dili-de türki diller maşgalasyndan.

Almatyda taksi sürüji bolup işleýän Suhrap Soltanow bu hakda şeýle gürrüň berýär: “Bu ýerde Orsýetdäki ýaly däl. Mysal üçin, polisiýa işgärleri seniň üstüňe topulyp duranoklar ýa-da bolmasa jynsparazlar seniň daşyňa geçenok. Men ozal Orsýetde işläp soňra Gazagystana gelen köp sanly täjigistanly migrant işçilerini tanaýaryn. Olar bu ýerde Orsýetdäkä garanyňda has az pul gazansalar-da, şonda-da bu taýyk gelýärler”.

“Eger seniň dokumentleriň düzüw bolsa, kanunlary berjaý etseň, hiç zady alada etmek gerek däl. Käwagt meni polisiýa işgärleri saklaýarlar we dokumetnlerimi barlap, olaryň sazdygyny görensoňlar, ýene-de öz ýoluma goýberýärler”.

Migrantlar näme diýýärler?

Gazgystanda teňňäniň hümmeti pese gaçan hem bolsa, migrantlar bu ýeri terk etmekçi bolanok. Ýogsa, maddy durnuklylygyň gelejegei entek doly anyk däl.

Babalakowa öz gürrüňinde soňky dörän krizisden baş alyp çykmak üçin bu ýurduň öz raýatlaryna käbir ýeňillilkeriň bardygyny aýdýar. Hünäri boýunça ykdysadyýetçi bolan 32 ýaşly köwüş satyjysy, haçan-da teňňäniň hümmeti pese gaçanda gazagystanlylaryň hökümete garşy protest geçirişleri barada gürrüň berýär.

Garaşylmadyk ýagdaýda puluň hümmetiniň pese gaçmagy harytlaryň arzanlamagyna getirdi. Gazagystanyň raýatlarynyň we migrantlaryň arasynda aljyraňňy ýagdaý döredi. Ýöne Babalakowa ýaly işçi migrantlara köçä çykyp, öz haklaryny talap etmeklik peýda getirmez.

Babalakowa: “Ýurduň raýatlary döwletden käbir kompensasiýalara garaşyp biler, ýa-da iň bolmanda olar köçä çykyp, özleriniň ýagdaýdan biynjalyk bolýandyklaryny görkezip bilerler. Ýöne migrantlar üçin ýagdaý beýle däl. Olar hiç kime hiç zadyň üstünden şikaýat etmezden, ýagdaýa öwrenişmeli bolýarlar” diýip, gürrüň berýär.

Babalakowanyň Täjigistanda ýaşaýan ýüwürjisi Şahbaz Babalakow Gazagystandaky soňky ýagdaýlara örän gynanýar.

Şahbazyň maşgalasy, ýagny onuň ene-atasy we gyz jigileri Almatydan özlerine iberilýän puldan arkaýyndylar. Şonuň üçinem ozallar olaryň gaýgy-aladalary ýokdy. Ýöne indi Şahbaz hem goşuny düwüp, işlemek üçin Gazagystana gidäýsemmikäm diýip pikir edýär.

“Haçan-da Gazgystanda puluň hümmetiniň pese gaçandygyny eşidenimde, men gaty gynandym. Şondan bäri hem men mydama bu barada Internet we telewideniýe arkaly soňky habarlary sypdyrmaýaryn. Men Gazagystana gidip, ýagdaýlara ýerinde göz ýetiresim gelýär. Ondan soň näme etjegimi çözerin” diýip, Şahbaz gürrüň berýär.
XS
SM
MD
LG