Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Dükanlar ir ýapylmaly edildi


Ýöne şol bir wagtda hem telekeçileriň käbirleri, bu çärä kommersiýa dükanlarynyň sanyny azaltmak üçin ädilýän ädim hökmünde hem baha berýärler.

Ýöne şol bir wagtda hem telekeçileriň käbirleri, bu çärä kommersiýa dükanlarynyň sanyny azaltmak üçin ädilýän ädim hökmünde hem baha berýärler.

Paýtagtyň kommersiýa dükanlary indiden beýläk sagat 22.00-a çenli işlemeli. Bu barada kommersiýa dükanlarynyň eýelerine häkimiýetler tarapyndan duýduryş berlipdir.

Aşgabatda kommersiýa dükanlary mundan ozal sagat 23.00-a çenli işläp bilýärdiler.

Bu talap barada ýörite dokumentiň görkezilmändigini hem-de diňe görkezme esasynda talap edilendigini Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan käbir telekeçiler aýdýarlar. Bu girizilen täzeligiň sebäbi olara düşündirilmändir, bu barada metbugatda hem hiç hili maglumat ýok.

“Komendant sagady”

Mälim bolşy ýaly, ýurtda Nyýazowyň döwründen bäri yglan edilmedik “komendant sagady” düzgüni dowam edýär. Ýagny, sagat 23.00-dan soň kommersiýa dükanlary, kafelerdir-restoranlar ýapylýar. Şol sagatdan soň raýatlaryň hereketleri hem belli bir derejede çäklendirilýär.

Nyýazow aradan çykansoň bu düzgün birneme gowşan ýaly hem bolupdy. Ylaýta-da adamlaryň hereketleriniň 23.00-dan soň çäklendirilmegi babatynda bu şeýle boldy. Emma dükanlar, kafeler we restoranlar babatynda bu düzgün saklanyp gelýär.

Kommersiýa dükanlarynyň iş wagtlarynyň bir sagat azaldylmagy baradaky karara gaýdyp gelsek, bu barada resmi düşündiriş bolmasa-da, agzalýan dükanlaryň eýeleri bu ýagdaýdan nägile, olar bu ýagdaýyň öz girdejilerine täsir ýetirýändigini aýdýarlar.

Bu meselä müşderileriň hem öz garaýyşlary bar

“Aşgabatda gijesine işleýän ýekeje-de dükan ýok, öňler sagat 23.00-dan soň ähli dükanlar ýapylanda hem adamlara gerek bolan zatlaryny almak kyn bolýardy. Iş wagtlarynyň ýene bir sagat kemeldilmegi bu ýagdaýy hasam kynlaşdyrar” diýip, özüni Aşyr diýip tanadan paýtagtyň 2-nji mikroraýonynyň ýaşaýjysy Azatlyk Radiosyna gurruň berdi.

Bu çärä Aşgabatda gün saýyn artyp barýandygy aýdylýan jenaýatçylygyň öňüni almak üçin ädilýän ädim hökmünde baha berýänler hem bar. Beýle pikiri öňe sürýänler, öz garaýyşlaryny, esasanam, geçen ýyl polisiýa işgärleriniň kommersiýa dükanlarynda wideokameralaryň ýerleşdirilmegini talap etmekleri bilen baglanyşdyrýarlar. Şol çäräniň dowamynda her dükanda iň bolmanda iki kamera oturdylypdyr.

Telekeçilige zarba

Ýöne şol bir wagtda hem telekeçileriň käbirleri, bu çärä kommersiýa dükanlarynyň sanyny azaltmak üçin ädilýän ädim hökmünde hem baha berýärler. Olar öz çaklamalaryny ýanwar aýyndan başlap paýtagtdaky kommersiýa dükanlarynyň köpüsiniň ýapylmagy bilen delillendirýärler.

“Soňky wagt hökümet ähli kommersiýa dükanlaryny ýapmak üçin elinde baryny edýär. Ilki kommersiýa kiosklaryny ýapdylar. Indi bolsa podwaldaky hem-de ýarym podwaldaky kommersiýa dükanlaryny ýapjak bolýarlar” diýip, özüni Ilmyrat diýip tanadan paýtagtyň Parahat mikroraýonyndaky kommersiýa dükanynyň eýeleriniň biri aýdýar.

Şol bir wagtda-da kommersiýa dükanlarynyň iş wagtlaryna girizilýän çäklendirmelere garamazdan, paýtagtda käbir dükanlar gijelerine hem işleýär. Şeýle-de gije işleýän käbir kafeleriň we restoranlaryň hem bardygy aýdylýar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG