Sepleriň elýeterliligi

Kiýew: Adam pidalary köpelýär


Polisiýa Garaşsyzlyk meýdançasyndaky protestçilere garşy ok atýar. 20-nji fewral, 2014 ý.

Polisiýa Garaşsyzlyk meýdançasyndaky protestçilere garşy ok atýar. 20-nji fewral, 2014 ý.

Kiýewde hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasyndaky soňky çaknyşyklarda ýene-de adam ýitgileri boldy.

Ölenler barada takyk maglumat bolmasa-da, Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasyndaky žurnalistler azyndan 47 jesediň görlendigini habar berýärler. Penşenbe güni protestçiler içi ýangyçly bombalary we daşlary ulanyp, polisiýanyň halkasyndan böwsüp geçmegi başardylar. Howpsuzlyk güýçleri muňa göz ýaşardyjy gaz we rezin oklar bilen jogap berdi.

Içeri işler ministrliginiň ýaýradan maglumatyna görä, bir polisiýa ofiseri ölüpdir, ýene-de 29-sy ýaralanypdyr.

Çaknyşyklaryň dowamynda söweş oklarynyň hem ulanylandygy barada habarlar peýda boldy.

Protestçileriň hüjüm etmek mümkinçiliginden howatyrlanyldy diýen bahana bilen, parlamentiň we hökümetiň esasy binalarynyň işgärleri ewakuasiýa edildi.

"Ýaraşyk"

Bu soňky çaknyşyklar, çarşenbe güni giçlik prezident Wiktor Ýanukowiç bilen oppozisiýa liderleriniň arasyndaky gelnen “ýaraşyga” garamazdan, gaýtadan ýüze çykdy.

Oppozisiýa lideri Witaliý Kliçko öz websahypasynda “soňky çaknyşyklaryň häkimiýetler tarapyndan gurnalan prowokasiýadygyny” ýazdy.

Sişenbe gününden bäri çaknyşyklarda 77 adam öldürildi, şeýle-de ýüzlerçe adam ýaralandy.

Bolýan wakalara syýasy çözgüt tapmak maksady bilen Ýewropa Bileleşiginiň üç sany daşary işler ministri – fransiýaly Laurent Fabius, germaniýaly Frank-Walter Şteinmeier we polşaly Radoslaw Sikorski – Kiýewde prezident Ýanukowiç bilen duşuşdylar.

Mundan öň ÝB-niň wekilleri oppozisiýa liderleri bilen hem gepleşikleri geçirdiler. Duşuşygyň öň ýany Şteinmeier şeýle diýdi: “Ukrainanyň geljegi diňe şu ýerde – Ukrainada kesgitlenip bilner. Bu köçelerdäki ýowuzlyk bilen kesgitlenmeli däldir. Munuň syýasy çözgüdi bolmaly. Biz ähli taraplary çykalganyň täk şudugyny ynandyrjak bolýarys”.

Duşuşykdan soň Kliçko ýagdaýlaryň agyrdygyny belläp, şeýlee çykyş etdi: “Ýagdaýlary gözegçilikde saklamak gaty kyn. Biz indi hakyky manyda söweş hereketleriniň başlanandygyny görýäris. Biz muny islemeýäris. Biz bu barada ÝB-niň daşary işler ministirlerine hem aýtdyk. Esasy maksat gandöküşikligi togtatmaly, ýitgileri azaltmaly”.

Ukrainadaky häzirki dowam edýän hökümete garşy protestler geçen noýabrda prezident Ýanukowiç Orsýetden 15 milliard dollar möçberinde karz pul alyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyndan ýüz öwrenden soň tutaşypdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG