Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Syýasy tussaglar dirimi?


ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasy Türkmenistanda adam hukuklary boýunça brifing geçirýär.

“Türkmen türmelerinde ýitirim bolanlar: Olar dirimi?” diýen at bilen 20-nji fewralda Waşingtonda geçirilýän bu çärede adam hukuklaryny goraýjy “Human Rights Watch” we “Crude Accountability” guramalarynyň wekilleriniň, Ýewraziýa boýunça garaşsyz bilermen Katerine Fitzpatrigiň we Türkmenistanyň öňki daşary işler ministri 2002-nji ýylda Türkmenistanda tussag edilen Boris Şyhmyradowyň ogly Baýram Şyhmyradowyň çykyş etjegi aýdylýar.

ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň resmi maglumatynda “ýyllar boýy edilen ýüzlenmelere we Türkmenistanyň režiminde üýtgeşikligiň bolmagyna garamazdan, on ýyldan gowrak wagt bäri Türkmenistanyň türmelerinde ýitirim bolanlaryň köpüsiniň ykbaly nämälim galýar” diýip bellenýär.

ABŞ-nyň Helsinki Komissiýasynyň geçirýän çäresinde şol wakalara täzeçe garaljakdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG