Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşkent: Prezidentiň gyzynyň ýoldaşlary derňelýär


Özbegistanyň prezidentiniň uly gyzy Gülnara Kerimowanyň üç ýakyn ýoldaşy derňew astyna alyndy.

Özbegistanyň Baş prokuraturasynyň çarşenbe güni aýtmagyna görä, Kerimowanyň ýoldaşy hökmünde tanalýan Rustam Madumarow, biznes partnýorlary Gaýane Awakýan we Ýekaterina Klýuýewa dokumentleri galplaşdyrmak, bikanun biznes işlere baş goşmak, salgytdan gaçmak we uly mukdarda pul gaçakçylygy ýaly jenaýatçylyklara gatnaşmakda güman edilýärler.

Habar serişdeleri Kerimowanyň Daşkentdäki jaýynyň duşenbe güni barlanandygyny we onuň partnýorlarynyň tussag edilendigini habar berdiler.

Gülnara Kerimowanyň Şwesiýada we Şweýsariýada bikanun pullary kanunlaşdyrmak bilen bagly dowam edýän derňewlere gatnaşygy bar. Özbegistanda Kerimowa degişli habar serişdeleriniň ençemesi ýapyldy we onuň “Terra” atly media topary para almakda güman edilip derňew astyna alyndy.
XS
SM
MD
LG