Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýanukowiç, oppozisiýa ylalaşyga geldi


Protestçi barrikadada dur, merkezi Kiýew, 21-nji fewral, 2014.
Protestçi barrikadada dur, merkezi Kiýew, 21-nji fewral, 2014.
Habarlarda, Ýewropa Bileleşiginiň ady aýdylmaýan uly diplomatyna salgylanyp, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň oppozisiýa liderleri bilen ýurtdaky garaşsyzlykdan bäri iň ganly krizisi soňlamak barada ylalaşyga gelendigi aýdylýar.

Ol diplomat «biz wagtlaýyn ylalaşyga şu gün gol çekilmegine garaşýarys» diýipdir. Ol bu ylalaşygyň käbir konstitutsiýa reformalaryny, irki prezident we parlament saýlawlaryfny hem üpjün etjegini aýdypdyr.

Ýöne bu diýilýän saýlawlaryň wagty indi bellenmeli. Germaniýanyň dpa habar gullugy bu ylalaşygyň 10 gün içinde täze geçiş hökümetini hem kesgitlejegini aýdýar.

Biraz öň Ukrainanyň perezidentiniň metbugat gullugy prezident Wiktor Ýanukowiçiň, oppozisiýanyň we Ýewropa Bileleşiginiň ministrleriniň gatnaşmagynda, uzak gijesi bilen geçirilen gepleşiklerden soň, ganly syýasy krizisi çözmek boýunça bir ylalaşyga gelnendigini aýdypdy.

Orsýetiň araçysy Wladimir Lukiniň hep gepleşiklere gatanaşandygy aýdylýar. Ol öz beýanatynda bu ylalaşygyň günortandan ýerine ýetirilip başlanjagyny aýtdy, emma detallary aýtmady.

Oppozisiýa we ÝB ministrleri ylalaşyga gelnendigini häzirlikçe tassyklamadylar.

Fransiýanyň daşary işler ministri Laurent Fabius ylalaşyk baradaky gürrüňlerde seresaplyga çagyrdy, Germaniýanyň daşary işler ministri gije «örän kyn gepleşikleriň» bolup geçendigini, emma indi ol gepleşikleri biraz soň dowam etdirmek üçin arakesme edilendigini aýtdy.

Ukrainanyň Saglyk ministrligi sişenbe gününden bärki çaknyşyklarda 77 adamyň öldürilendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG