Sepleriň elýeterliligi

Ukrainada ylalaşylýar


Habarlarda, Ýewropa Bileleşiginiň ady aýdylmaýan uly diplomatyna salgylanyp, ukrain prezidenti Wiktor Ýanukowiçiň oppozisiýa liderleri bilen ýurtda garaşsyzlykdan bäri iň ganly krizisi soňlamak barada ylalaşyga gelendigi aýdylýar.

Ol diplomat «biz wagtlaýyn ylalaşyga şu gün gol çekilmegine garaşýarys» diýipdir. Ol bu ylalaşygyň käbir konstitutsiýa reformalaryny, irki prezident we parlament saýlawlaryny hem üpjün etjegini aýdypdyr.

Ýöne bu diýilýän saýlawlaryň wagty indi bellenmeli. Germaniýanyň dpa habar gullugy bu ylalaşygyň 10 gün içinde täze geçiş hökümetini hem kesgitlejegini aýdýar.
XS
SM
MD
LG