Sepleriň elýeterliligi

Aşgabatda ýaşaýyş ýaramaz hasaplandy


Aşgabat, Bangladeşiň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Özbegistanyň paýtagtlary bilen bir hatarda, Aziýa we Ýuwaş okean regionynda ýaşaýyş hili boýunça iň ýaramaz şäherleriň bäşligine girdi.

Bu barada dünýäniň şäherlerindäki durmuş-ýaşaýyş derejesiniň reýtinginde, Merker konsalting kompaniýasy tarapyndan 223 şäheriň arasynda geçirilen barlag esasynda habar berilýär.

Türkmenistanyň «ak mermer» paýtagty ýaşaýyş hili boýunça 206-njy orunda ýerleşdirilipdir, Bangladeşiň paýtagty Dakka 208-nji orunda, Aziýa we Ýuwaş okean regionyndaky iň ýaramaz bäş şäheriň iň yzynda ýerleşdirilipdir.

Täjigistanyň paýtagty Duşenbe – 204-nji, Daşkent 202-nji orunlarda ýerleşdirilipdir.

Aziýa-Ýuwaş okean regionynda ýaşaýyş hili iň gowy şäherleriň bäşligine Singapur we Ýaponiýanyň dört şäheri giripdir.
XS
SM
MD
LG