Sepleriň elýeterliligi

Britaniýa, Eýran gatnaşygy dikeldýär


Britaniýa bilen Eýran penşenbe güni resmi taýdan diplomatiki gatnaşyklaryny dikeltdiler.

Bu gatnaşyklar, 2011-nji ýylda berk liniýaly eýranlylar Tährandaky britan ilçihanasyna zabt edenlerinden soň, London tarapyndan kesilipdi.

Daşary işler ministrliginiň sözçüsi "Birleşen pytaşalyk bilen Eýranyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň penşenbe gününden dikeldilmegi we başga şäherlerdäki ynanylan wekilleriň we resmileriň üsti bilen amala aşyrylmagy barada ylalaşylandygyny» aýtdy.

Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Majid Taht-Rawançi hem bu iki döwletiň arasyndaky diplomatiki gatnaşyklaryň gaýtadan guruljagyny ISNA habar gullugyna beren gürrüňinde tassyk etdi.
XS
SM
MD
LG