Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin protestçilerine höküm çykarylýar


Moskwada bir sud anna güni Kremle garşy protestçileriň sekiz sanysyna höküm çykarmaly.

Ol sekiz protestçi 2012-nji ýylyň 6-njy maýynda prezident Wladimir Putine garşy ýygnanyşyk mahalynda dörän çaknyşyklarda polisiýa topulmakda aýyplanýar.

Kremliň tankytçylary polisiýany Moskwanyň Bolotnaýa skwerinde guralan ýygnanyşykdaky zorlukda aýyplaýar we muny başga pikirlileri basyp ýatyrmagyň bir bölegi atlandyrýar.

Sud edilýänler, 7 erkek we bir aýal, pitneçilikde hem aýyplanýar.

Eger günäli tapylsalar, olara kanun esasynda 8 ýyl türme tussaglygynyň berilmegi mümkin. Prokurorlar olara bäşden alty ýyla çenli türme tussaglygyny bermegi soraýarlar.
XS
SM
MD
LG