Sepleriň elýeterliligi

Owganystanda polisiýa hüjüm etdiler


Janyndan geçen bombaçylar Kabulyň golaýyndaky daglyk ýerde, anna güni polisiýa howlusyna hüjüm etdiler.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Siddik Siddigi janyndan geçen bombaçynyň ulagynyň Surobidäki etrap polisiýa binasynyň derwezesinde partladylandygyny aýtdy.

Şeýle-de ol iki sany hüjümçiniň, aýal eşigine duwlanyp, atyşyga girendigini sözüne goşdy.

Bu atyşykda azyndan bir polisiýa ofiseri ölüp, ikisi ýaralanypdyr. Hüjümçileriň bolsa barysy öldürilipdir.
XS
SM
MD
LG