Sepleriň elýeterliligi

Kyrym parlamenti sessiýa geçirýär


Ukrainanyň Kyrym parlamentiniň, ýarym adanyň Ukrainadan bölünmek ähtimallygy baradaky gapma-garşylykly beýanatlaryň arasynda, adatdan daşary sessiýa geçirjekdigi aýdylýar.

Kyrymly deputat Refat Çubarow parlament anna güni günortan Kiýewdäki krizis barada sessiýa geçirer diýdi. Kyrymyň parlamenti bu habary entek resmi taýdan tassyklamady.

Penşenbe güni Ukrainadaky habar serişdeleri «Argument-nedeli Kyrym» gazetine salgylanyp, prezident Wiktor Ýanukowiçiň kyrymly goldawçylarynyň birnäçesiniň Kiýewden öýlerine barýarkalar, ýolda näbelli hüjümçiler atrapyndan öldürilendigini ýazdylar.

Bu maglumat tassyklanmady. Şu arada Kyrymyň premýer-ministri Anatoliý Mohylew kyrym parlamentiniň spikerini berk tankyt etdi. Sebäbi ol anna güni, eger hökümete garşy protestler Ukrianyna çökerse, Kyrym Ukrainadan bölünip biler diýdi.
XS
SM
MD
LG