Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Ýanukowiç ylalaşyga boýun bolýar


Kiýewdäki hökümete garşy protestçi

Kiýewdäki hökümete garşy protestçi

Ukrainanyň prezidenti Wiktor Ýanukowiç “parahatçylygy dikeltmek” we ganly syýasy krizisi togtatmak boýunça ylalaşyga gelnendigini mälim etdi. Soňky günlerde göz-görtele ýitileşen bu konfliktde onlarça adam ölüp, ýüzlerçesi hem ýaralandy.

Ukrain prezidentiniň websahypasynda ýerleşdirilen beýanatda Ýanukowiç prezident saýlawlarynyň wagtyndan öň geçiriljekdigini aýdýar. Emma onuň anyk güni barada hiç hili maglumat berilmeýär.

2010-njy ýylda 5 ýyl möhlet bilen prezidentlige saýlanan Ýanukowiç milli birlik hökümetini düzmek we prezidentiň ygtyýarlyklaryny çäklendirýän 2004-nji ýyldaky Konstitusiýa dolanmak boýunça zerur prosese girişýändigini habar berýär.

Prezidentiň bu beýanatyna oppozisiýadan häzirlikçe hiç hili reaksiýa ýok.

Gepleşikler

Ýanukowiçiň beýanaty onuň oppozisiýanyň wekilleri we ÝB-niň üç sany daşary işler ministri bilen geçiren gepleşiklerinden soň peýda boldy.

Russiýanyň prezidentiniň wekili Wladimir Lukin hem Kiýewdäki gepleşiklere gatnaşdy.

Russiýa Ýanukowiçiň hökümetiniň tarapynda çykyş edýän bolsa, ABŞ bilen ÝB Ýanukowiçe garşy çykýan oppozisiýany goldaýarlar.

Kiýewe sapar edýän ÝB-niň wekilleriniň biri, Polşanyň daşary işler ministri Radoslaw Sikorski anna güni Twitter hasabynda Ukrainanyň “ynjyk ýagdaýdadygyny”, şeýle-de ähli taraplaryň-da garaşyşyndan az zada eýe boljakdygyny ýazdy.

Reuters habar agentliginde Polşanyň premýer-ministri Donald Tuskyň sözleri getirilip, onda oppozisiýanyň prezidentiň inisiatiwasyny kabul etmän biljekdigi bellenilýär. Tusk konflikti togtatmak ugrundaky çaklamalara habardarlyk bilen çemeleşmelidigini duýdurýar.

Oppozisiýa

Ýanukowiç öz beýanatynda oppozisiýa babatynda gowşan ýaly bolup görünse-de, olaryň iň esasy – häkimiýetden çekilmek talabyna boýun bolmandyr.

Şeýle-de Ýanukowiçiň bu beýanatynyň oppozision liderler bilen geçirilen gepleşikleriň netijesinde orta çykandygy ýa-da däldigi hem nämälimligine galýar. Käbir maglumatlara görä, ÝB-niň wekilleriniň araçylyk etmegindäki gepleşikler heniz hem dowam edýär.

Mundan öň Kiýewiň köçeleri ganly çaknyşyklara şaýat boldy. Ýagdaýlar hökümete garşy protestçiler bilen polisiýanyň arasyndaky ok atyşyklara çenli hem baryp ýetdi.

Ukrainanyň Saglygy saklaýyş ministrliginiň anna güni beren maglumatyna görä, çaknyşyklarda 77 adam ölüpdir. Heläk bolanlaryň aglabasy demonstrantlar bolsa-da, olaryň arasynda howpsuzlyk güýçleri hem bar. Bu çaknyşyklarda 370-e golaý adam hem ýaralanypdyr.

Oppozisiýanyň onlarça müň tarapdarlary Kiýewiň Garaşsyzlyk meýdançasynda galmagy dowam etdirýärler.

Ýanukowiç özüniň beýanatynda şu hepdäniň dowamyndaky gandöküşikligi “pajygaly günler” diýip atlandyryp, “aradaky çägiň iki tarapyndan hem adamlaryň ölendigini” nygtaýar.

Ol “adam janyndan beter möhüm zadyň ýokdugy” üçin agzalýan ylalaşygy hödürleýändigini aýdyp, ukrainlylaryň arasynda parahatçylygy dikeltmek üçin ähli zadyň edilmelidigini hem belläp geçýär.

Ukrainadaky häzirki dowam edýän hökümete garşy protestler geçen noýabrda prezident Ýanukowiç Orsýetden 15 milliard dollar möçberinde karz pul alyp, Ýewropa Bileleşigi bilen Assosiasiýa ylalaşygyndan ýüz öwrenden soň tutaşypdy.

XS
SM
MD
LG