Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Ýanukowiç Kiýewi terk etdi


Kiýew: Garaşsyzlyk meýdanyndaky asudalyk
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:06 0:00

Kiýew: Garaşsyzlyk meýdanyndaky asudalyk

ABŞ-nyň Döwlet departamenti prezident Wiktor Ýanukowiçiň Kiýewden ýurduň günortasyndaky Harkow şäherine, öz häkimiýetiniň esasy daýanýan ýerine maslahatlaşmaga gidendigini aýdýar.

Ukrainanyň metbugat serişdeleri Ýanukowiçiň şenbe güni Bütinukrain jemgyýetçilik birleşigi bolan Ukrain fronty bilen, onuň regionlar partiýasyna goşulan topar bilen duşuşmakçydygyny ýazýar.

Soňky çykan habarlara görä, Kiýewdäki hökümete garşy protestçiler Ýanukowiçiň anna güni oppozisiýa liderleri bilen gol çeken parahatçylyk ylalaşygyny ret edip, oňa derek, Ýanukowiç şenbe güni, Praga wagty bilen 09.00-a çenli işden çekilmese, Prezident köşgüne zabt etjekdiklerini aýtdylar.

ÝB-niň araçylyk etmegindäki parahatçylyk ylalaşygy bileleşik hökümetine we dekabra çenli irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyrýar.

Emma merkezi Kiýewiň köçelerindäki protestçileriň köpüsi dekabrda geçiriljek saýlawlara çenli garaşmagyň örän uzak boljagyny aýdýarlar.

"Ýanukowiç jogapkärçilige çekilmeli"

Olar Ýanukowiçiň häziriň özünde işden çekilmegini talap edýärler we onuň soňky üç aýda bolan zyýasy zorluklar mahalynda öldürilen 70-den gowrak adam, şol sanda Kiýewde polisiýa bilen çaknyşyk mahalynda öldürilen onlarça demonstrasiýaçy üçin jogapkärçilige çekilmegini isleýärler.

Parlament anna güni ukrain oppozisiýasynyň talaplaryny ýerine ýetirmek üçin käbir çäreleri gördi, ýagny tussaglykdaky oppozisiýa lideri Ýuliýa Timoşenkonyň azat edilmegine ýol açjak kanun düzedişlerini sese goýdy.

Şeýle-de parlament anna güni Ukrainanyň 2004-nji ýyldaky konstitusiýasyny dikeltmek, jenaýatda aýyplanýan oppozisiýa protestçileriniň günäleriniň geçilmegini üpjün etmek, Ukrainanyň içeri işler ministrini işden boşatmak ýaly meseleleri sese goýdy.

Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama bilen Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin anna güni telefonda gürleşip, Ukrainadaky zorluklaryň mundan aňryk dowam etmeginiň öňüni almak üçin, parahatçylyk şertnamasynyň we wada berlen reformalaryň çalasyn durmuşa geçirilmegi barada ylalaşdylar.

Ak tamyň beýanatynda olaryň «taraplaryň ählisiniň mundan aňyrky zorluklardan saklanmagynyň zerurdygy» barada gürrüň edendigi bellenilýär.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary syýasat ýolbaşçysy Ketrin Aşton Brýusselde anna güni Ýanukowiç bilen oppozisiýa liderleriniň arasynda gelnen ylalaşyga ýokary baha berdi, ol munuň Ukrainadaky krizise syýasy çözgüt üçin ýol açýandygyny aýtdy.

Ýöne Aşton bu ylalaşygy derhal durmuşa geçirmegiň aňsat iş bolmajagyny hem duýdurdy.
XS
SM
MD
LG