Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Prezidentiň wadasynda wepa barmy?


Gurbanguly Berdimuhamedow, 2012.
Gurbanguly Berdimuhamedow, 2012.
Türkmen metbugaty fewral aýynda prezident G.Berdimuhamedowyň birinji gezek prezident saýlananyna 7 ýyl, ikinji möhlete prezident saýlananyna 2 ýyl dolandygyny, bu wakalaryň ýurduň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny ýazdy.

G.Berdimuhamedow özüniň prezidentlik kampaniýalarynda «ilat üçin iş ýerlerini döretmek meniň baş aladalarymyň biri bolar», «biz uly-uly zawod-fabrikleri gurmak bilen birlikde, bazar ykdysadyýetiniň talaplaryna laýyk gelýän orta we kiçi kärhanalary döretmäge, hususyýetçiligi goldamaga, aýlyk, pensiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmaga aýratyn üns bereris» diýipdi.

Şeýle-de ol internet we aragatnaşygyň täze tehnologiýalary her bir raýat üçin elýeterli bolmaly diýipdi, bilim pudagynda özgertmeleriň geçiriljegini, bilimli ýaşlary ýetişdirmegiň ýola goýuljagyny, türkmen ýaşlaryna berilýän bilimiň dünýä ýüzünde ykrar edilmegini gazanmagy wada beripdi.

Eýsem Berdimuhamedowyň prezidentlik eden ýedi ýylynda şu we beýleki wadalar nähili ýerine ýetirildi?

Azatlyk radiosy nobatdaky “Tegelek stol” söhbetdeşligini şu meselä bagyşlaýar. Eger-de bu mesele bilen gyzyklanýan bolsaňyz, söhbete goşulyp, pikir-bellikleriňizi aýdyň.
XS
SM
MD
LG